Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
3-nji iyulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze şäheriň açylyş dabarasyna gatnaşdy
29-njy iýunda ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen işler dowam etdiriler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolan düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.
Asylly başlangyçlar ýurdumyzyň rowaçlygynyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadydyr
16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Gurban baýramyny bellemek hakynda
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.