Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna bardy.
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady
17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Getsi, bu kompaniýany esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Sanktýohanseri, “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny dolandyrmak boýunça edara binasy Dýusseldorfda bolan geňeşçi, hyzmatdaş Armin Raffalskini we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hans Gerd Prodeli kabul etdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýrama bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin gurýan we döredýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna berk ynanýaryn.
Parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirip
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen parahatçylyk söýüjilik, açyklyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO-nyň wekilini kabul etdi
15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi
13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.