Aragat­naşyk pudagy

21-12-20

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyly içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşler gazanylyp, bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza Ýer ýüzünde ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarar.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyz ýörite karary bilen «Türkmenaragat­naşyk» agentligini Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýip kesgitledi. Ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we olary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýlekiler kabul edildi.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýet tiz­lik, amat­lylyk, tyg­şyt­ly­lyk dü­şün­je­le­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­den gör­nü­şi ýa­ly, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ýur­duň ösüş dep­gi­ni­niň çalt­lan­ma­gy­na we sanly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň ha­sa­by­na ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, şeý­le-de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň düý­bün­den ta­pa­wut­lan­ýan tä­ze hi­le geç­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­myz­da ila­ta hö­dür­len­ýän dür­li gör­nüş­li hyz­mat­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li pu­dak­la­ry­na san­ly in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp baryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär.     

Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, telewideniýe, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýatymyza elýeter edildi.

Türkmenistan döwletimiz özüniň ilkinji «Türkmen Älem 52 E» emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak bilen kosmosy öwreniji we özleşdiriji döwletleriň hataryna goşuldy. Indi ýurdumyz dürli görnüşli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga we Ýer ýüzüniň beýleki onlarça döwletlerine hödürlemäge mümkinçilik aldy. Häzirki wagtda  hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ikinji emeli hemrany, ýagny Türkmenistanyň älem giňişliginden ýer üstüne gözegçilik edýän milli emeli hemrasyny gurmak we älem giňişligine çykarmak baradaky tabşyrygyna laýyklykda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýörite karary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenilmegi bilen maglumatlar eýýamyna gadam basan dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmek, sanly ykdysadyýete geçmek, elektron resminamalar dolanyşygyny gurnamak ýaly möhüm wezipeler aragatnaşyk pudagynyň paýyna düşýär. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň düzüminde «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Altyn Asyr», «Aşgabat şäher telefon ulgamy», «Türkmen hemrasy», «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri hereket edip, olar ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça giň mümkinçiliklere eýedir.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilýän häzirki wagtynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Döwlet hyzmatlary» portaly döredilip, bu portal döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk maglumat ulgamyny üpjün edýär.

Kämil maglumat geçiriş ulgamyň bolmagy ýurdumyzda elektron söwda hyzmatlarynyň barha artmagyna, elektron resminama dolanşygyna, maglumat geçirijiligine we netijede önümçiligiň ýokarlanmagyna getirer. Munuň özi pudak edaralaryna dürli görnüşli hyzmatlar bermeklige mümkinçilik döreder. Ýagny ulag pudagy üçin ulag we logistika ulgamyny döretmeklige, söwda toplumy üçin internet söwdalaryny we internet marketing ulgamlaryny guramaklyga, bilim ulgamy üçin uzak aralykdan interaktiw-multimediýa okuwlary gurnamaklyga, saglygy goraýyş pudagynda Milli emeli hemranyň üsti bilen telemedisina ulgamy, internet we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmak bilen ilata maglumat arkaly maslahatlary bermek, şeýle hem, beýleki pudaklarda kämil aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge, maglumat geçirijiligini artdyrmakda giň mümkinçilikler berer.

Ýurdumyzda halkymyzyň internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Internet ulgamynyň göwrümi giňeldilip, daşarky ýokary tizlikli internet akymynyň tizligi hem yzygiderli artdyrylýar. Olaryň häzirki wagtdaky göwrümleri halkymyzyň we halk hojalygynyň dürli pudak edara-kärhanalarynyň Internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrýar.

Bu günki gün ýurdumyz halkara ülňülerine laýyk gelýän we maglumat aragatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde sebitde esasy baglanyşdyryjy merkezi emele getirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlaryny, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işi netijeli alnyp barylýar, optiki-süýümli magistral ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly taslamalar amala aşyrylýar. Döwletimiz diňe bir merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem Gündogaryň we Günbataryň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsini emele getirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda 5 sany döwletara optiki süýümli maglumat geçiş ugurlary hereket edýär.

Häzirki döwürde gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Päkistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy geljekde Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrar, sebitde söwda-ykdysady we maglumat-kommunikasiýa gatnaşyklary ulgamynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyklar netijesinde gazanylýan üstünlikler hem halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň, halklar arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy ýoly hasaplanylýar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan dünýä ähmiýetli işler, giň gerimli taslamalardyr özgertmeler milli Liderimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň beýik sepgitleri nazarlap, olara üstünlikli barýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar.

Giňişleýin maglumat okamak üçin «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň resmi saýtyna ýüzlenip bilersiňiz:

https://mincom.gov.tm


15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.