DÖWLETLI IŞLER — AÝDYŇ GELJEGE BADALGA
13-02-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz ösýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Halkyň isleg-arzuwy nazarda tutulyp, şu ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyryldy. Täze döwürde ýurdumyz ösüşiň täze derejelerine eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek baradaky alyp barýan döwletli işleri halkymyzyň aýdyň ertirine, röwşen geljegine bolan ynamy has-da berkidýär. Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň durmuşynda bolup geçýän düýpli özgerişlikleriň - milli ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, saglygy goraýyşda, sportda, medeniýetde we beýleki ulgamlarda döwrebap ösüşleriň gazanylmagy biziň her birimizi döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar, joşdurýar.
Häzirki wagtda Diýarymyzyň bilim ojaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynda işine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu ugurda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, ylma we döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly nesiller hökmünde kemala gelmegi üçin uly işler amala aşyrylýar.
Bilim röwşen geljegimizi üpjün edýän, ýaşlaryň kämilligini peşgeş berýän güýçdür. Ol döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guralydyr. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar. Her ýyl Diýarymyzda täze bina edilýän ýokary we orta bilim berýän okuw mekdepleri özleriniň gapylaryny giňden açýar. Bu dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda talyplar we mekdep okuwçylary ylmyň iň ýokary derejesindäki kompýuter, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw otaglarynda ylym-bilimlerini has-da ösdürmäge giň mümkinçilik alýarlar.
Mugallymlaryň ussatlygy bilen ýaşlar kämil bilim alýarlar we asylly ýörelgeler esasynda terbiýelenýär. Hut şoňa görä-de, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda” pedagogik işgärleriň döredijilik başarnyklaryny we hünär ussatlygyny, pedagogik ugurly ýokary we orta hünär bilim edaralarynda geljekki pedagogik işgärleri taýýarlamagyň, olaryň okatmagyň usulyýeti babatdaky nazaryýet we tejribe taýdan taýýarlyklarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenendir. Şunuň bilen birlikde, bilim ulgamynyň işini ýokarlandyrmak we halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, öňdebaryjy dünýä tejribesini bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler hem göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ulanylmaga berilýän täze, döwrebap bilim ojaklarynyň ählisinde bolşy ýaly, biziň mekdebimiziň hem häzirki zamanyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen doly enjamlaşdyrylmagy ýaşlara döwrebap derejede bilim almaga uly ýardam edýär, ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Mekdebimizde eziz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň gowy okamagy, öwrenmegi we giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, arassa ahlakly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler we döwrebap şertler bar.
Biz bu döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, ata Watanymyza, mähriban halkymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly bagtyýar ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde ak ýürekden zähmet çekýäris. Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin şeýle uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maýagözel AMANOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.