KÄMIL ÝAŞLAR GELJEGIŇ BERK BINÝADYDYR
13-02-26
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Türkmen halky “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Bu şöhratly ýyly üstünliklere beslemek, döredijilikli zähmet çekmek, beýik ösüşlere goşant goşmak ildeşlerimiziň her biriniň baş maksady bolup durýar. Şunda bilim işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy maksat edinýärler. Çünki ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky tagallalar röwşen geljegimiziň üstünliklere beslenjekdigini beýan edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesi her bir raýatyň döredijilikli işlemegine, ösüşlere goşant goşmagyna ruhlandyrýar.
Jemgyýetimiziň kämilleşmegi we ösmegi üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň sagdyn ruhda terbiýelenmegini, olaryň dünýägaraýşynyň ösdürilmegini gazanmak bolsa esasy wezipeleriň biridir. Ýaş nesilleriň bilimli bolmagy, olaryň kämilligi geljekki ösüşleriň binýadydyr, ylmyň iň täze gazananlary bilen öňe gitmekdir. Şunda ýaşlaryň ylmy maglumatlary öwrenmegi, tejribesiniň baýlaşmagy üçin maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle belent maksatlar bilen ýaş nesillerimiz hem bilim öwrenýärler, ukyp-başarnyklaryny dünýä derejesinde aýdyň beýan edýärler. Ýaşlarymyzyň halkara ýaryşlarynda, ders bäsleşiklerin-de mynasyp orun eýeleýändigi röwşen geljegimiziň ösüşlidigini aýdyň beýan edýär, çünki kämil ýaşlar geljegiň berk binýadydyr.
Gazanylýan ähli üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Häzirki wagtda ylmyň, tehnikanyň ösýän döwründe emeli aň ulgamy jemgyýetiň ähli ugurlarynda giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilimiň ösüşine-de täsir edýär. Emeli aň tehnologiýalarynyň okuw işinde ornaşdyrylmagy mugallymlaryň işini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýaş nesliň bolsa özbaşdak öwrenmek ukybyny has-da işjeňleşdirýär. Şonuň üçin emeli aňyň bilim ulgamyndaky peýdasy, ähmiýeti barada gürrüň etmek gyzykly. Şunda okuwçylara bilim bermek, sowat öwretmek işi diňe bir olara maglumat bermek bilen çäklenmeýär. Olaryň geljekde şahsyýet hökmünde jemgyýetimiz üçin peýdaly taraplary barada hem aladalanmalydyrys. Bu ugurda emeli aň tehnologiýalarynyň pedagogik işimizde birnäçe artykmaçlygy döredýändigini belläp geçmeli.
Emeli aň arkaly okuw maglumatlaryny awtomatlaşdyrmak usulynda amala aşyryp bolýar. Mysal üçin, okuwçylaryň soraglaryna dessine jogap berýän wirtual kömekçiler, tematik okuw materiallaryny taýýarlamakda kömek edýän programma üpjünçilikleri, olaryň öwrenmek derejesini yzarlap bilýän ulgamlar mugallym üçin uly ýeňilligi döredýär. Mundan başga-da, emeli aň ýaşlaryň bilim derejesini seljermäge, haýsy temany öwrenende kynçylyk çekýän bolsalar, onuň aýratynlyklary barada hem düşünje alýarlar. Bu bolsa mugallyma öz usulyýetini has-da takyklaşdyrmaga itergi berýär. Mugallym öz işini döredijilikli alyp barmaga çalyşýar. Mugallym bu usul arkaly her bir okuwçynyň bilim derejesi bilen içgin gyzyklanyp görýär, testleri barlaýar. Emeli aň bolsa bu işleriň köpüsini awtomatik usulda amala aşyrýar. Meselem, dürli algoritmli programmalar arkaly testleriň awtomatik usulda barlanylmagy netijesinde ýaşlaryň ýazuw işleriniň grammatik taýdan dogrulygyna seredilip geçilýär.
Ýaşlara özbaşdak öwrenmäge ýardam bermek maksady bilen, emeli aňy özleşdirmäge gyzyklanma döretmeli. Munda emeli aň bilen işleýän mobil programmalaryň we internet platformalarynyň kömegi bilen olar islendik wagtda bilim almaga, dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge höweslenýärler. Şeýle mümkinçilikler, aýratyn-da, uzakdan okatmak ýa-da şahsy okuw meýilnamalary üçin örän amatly hasaplanýar. Netijede, emeli aň tehnologiýalarynyň bilim ulgamynda çynlakaý öwrenilip başlanmagy bilen ony dogry ulanmak zerurdyr. Muňa diňe ýeňillik hökmünde däl-de, ýaşlaryň bilim dünýäsine ýol açýan serişde hökmünde garamak bolar. Emeli aňyň kömegi bilen okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we bilim bermekde täze bir çemeleşme döretmek mümkin. Geljekde hem bu tehnologiýalaryň kämilleşmegi bilen mugallymlaryň okuw işi has-da döwrebaplaşdyrylar.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Altyn ABDYRASULOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň 21-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.