“ATYM BAR - GANATYM BAR”
13-02-26
Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we türkmen jemgyýetinde kämil nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan işleri ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly bolup, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, bilim bermegiň usulyýet esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýaş nesle Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklary bolan hoşniýetlilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly häsiýetler öwredilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly özgerişler amala aşyrylýar. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýar ýaşaýan türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýaş nesle milli gymmatlyklarymyzy öwretmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşi maksatnamalaýyn esasda berkidilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ajaýyp kitaby bedewler hakyndaky gymmatly hazynadyr. Türkmen halkyny älem içre tanadýan milli şaý-sepleri, halylary, dutary bilen bir hatarda gymmatly saýylýan behişdi bedewleri hemişe söýgä, belent sarpa mynasyp. Türkmen ahalteke atynyň şöhraty Oguz han döwründen gözbaş alýar. Türkmeniň nusgalyk edebiýatynda, gadymy golýazmalarda olaryň şan-şöhraty, şygryýetde we kyssa eserlerinde sazlaşykly beýan edilip gelinýär. Türkmen bedew aty hakynda ata-babalarymyz “Atym bar - ganatym bar”, “Ýüwrük atyň bahasy bolmaz”, “Atyň ady uly, düýäň dabany”, “Agaç ekeni biler, at bakany”, “At ýigidiň ganatydyr” ýaly birnäçe nakyllary döredipdirler. Bu hem türkmeniň atyny janyndan hem eziz görendiginiň alamatydyr.
Altyn-kümüş şaýlar bilen bezelen bedewler toý-baýramyň hem gelşigi bolupdyr. Gadymy grek taryhçysy Ksenofont şeýle diýýär: “Ýüwrüklikde dünýäde hiç bir zat olar bilen bäsleşip bilmez, kepderiler we durnalar olaryň yzlaryna zordan eýerýär”. Türkmeniň seýisçilik sungatynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän özboluşly ýolunyň, aýratynlygynyň bolmagynda bu hünäre ömrüni bagyş eden ata-babalarymyzyň ummasyz zähmeti bar. Bu hünäre ugrugan her bir türkmen öz ömrüniň dowamynda bu ugurdaky iş tejribesini kämilleşdirip, öz gezeginde indiki nesle miras goýupdyr. Şeýdip, türkmeniň seýisçilik hünäri wagtyň geçmegi bilen kämilleşip uly bir mekdebe öwrülipdir. Hut şonuň üçin-de, ahalteke atlarynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda sap ganly tohum bolup, saklanyp gelmeginde elbetde, ol bedewleri ösdürip ýetişdirýän seýsiň we seýisçilik diýen hünäriň aýratyn möhüm ähmiýetiniň bolandygy aýdyňdyr. Sebäbi seýisler at seýislemek we at çapdyrmak işlerinden daşary, tohum atlary köpeltmek we ösdürip ýe-tişdirmek ýaly işler bilen meşgullanypdyrlar.
Türkmenler tohum atlary ösdürip ýetişdirmegi ata-baba kesp-kär edinip gelen halk bolupdyr. Şeýlelikde hem, seçgi-tohumçylyk işini aňrybaş kämillige ýetiripdir. Muňa türkmen atçylygynda ulanylýan adalgalarynyň bolmagy hem, şol adamlaryň atlaryň nesil arassalygyna diýseň talapkärliginden bolupdyr. Türkmenleriň her biri islendik atyň nesil şejeresini birnäçe arka çenli barmak büküp sanap bilipdir. Bu bolsa ahalteke atlaryň müňlerçe ýyllaryň dowamynda arassa ganly bolup gelmegine getiripdir. Milli gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmäge, ösdürmäge we kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Marjana ŞAMRATOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.