Ajaýyp desgalaryň ak nury

28-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe altyn gümmezleri bilen uzaklardan bada-bat ünsüňi özüne çekýän köşkleri, köpsanly döwrebap suw çüwdürimleri, aklyga bürenen täsin binalary ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, gür baglyga bürenen seýilgähleri ak şäherimiz Aşgabady tanalmaz derejede özgertdi. Göreniňde gözüň eglenip, synlanyňda synyň oturýan Aşgabat şäheri bu günki gün Gündogaryň iň owadan merjen şäherine öwrülýär. Indi, gözel görkli paýtagtymyz iri halkara maslahatlaryň, işewür duşuşyklaryň, dostlukly döwletleriň Medeniýet günleriniň, halkara sergileriň, festiwallaryň, dürli görnüşli sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Aşgabat şäherimiziň gözel keşbini görmäge göz, tarypyny ýaýmaga şirinden-şirin şahyrana söz gerek.

Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek üçin uzak geljegi nazara almak bilen, toplumlaýyn çemeleşilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda hem paýtagtymyzy ösdürmek babatda aýdan sözlerini ähli halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Paýtagtymyzyň täsin desgalarynyň arasynda binagärlik, inženerlik-tehniki gurluşy taýdan haýran galdyrýanlary sanardan köpdür. Olaryň birnäçesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi, halkara derejesindäki abraýly bäsleşikleriň sylaglaryna mynasyp boldy. Şunda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi halkymyzyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, sportuň ösdürilmegine we sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen iri möçberli bitirilen beýik işleriň aýdyň netijesidir. Bu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu ýerde Suw toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy we beýleki sport desgalarynyň ençemesi bar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan ägirt uly özgertmeleriň möçberi we ähmiýeti ata Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň pajarlap ösüşinde has-da aýdyň duýulýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat bu gün öňe sürülýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriniň netijesini, halkymyzyň eşretli bagtyýar durmuşynyň kämil derejesini äleme äşgär edýär. Gündogaryň merjen şäherine öwrülen Aşgabadyň beýik ösüşleriniň üpjün edilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň akyl zähmetiniň, pähim-parasatynyň duranlygy hemmämize mälimdir.

Merkezi Aziýanyň göwher gaşy Aşgabat, rahatlyk we abadanlyk taýdan dünýäde öňdebaryjy şäherleriň biri hökmünde ykrar edilendir, bu onuň Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi we Ginnesiň rekordlar kitabynda ak mermer bilen örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alnanlygy bilen-de tassyklanýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şatlykly pursatlara, bitirilýän beýik işlere beslenýär. Paýtagtymyzy ösdürmek babatda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzy, aýratyn hem, ýaşlary has-da begendirýär. Gözel paýtagtymyz täsin binagärligi, özboluşly owadanlygy, milliligi, täsinligi bilen köpleri haýran galdyrýar. Paýtagtymyzda geçen ýylda ulanmaga berlen «Türkmenbaşy», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň täze döwrebap binalary, «Laçyn», «Erkin» seýilgähleri bu günki gün ak şäherimiziň binagärlik keşbine özboluşly täsin şugla saçýar. Şu günler paýtagtymyzyň binagärligini has-da baýlaşdyrjak ýene-de ençeme desgalarda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti galamyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hem paýtagtymyz Aşgabada bagyşlanan ajaýyp eserdir. Bu eserde şäherimiziň gözel künjekleri, onuň ösüşi we geljekde ediljek işler beýan edilýär.

Goý, mähriban halkymyzy gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.