Belent maksatlar we aýdyň wezipeler
06-05-22

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini täze döwür üçin uzak möhletli ösüş ýoluny saýlap alandygyna şaýatlyk edýär.
Bu uzak möhlete niýetlenen maksatnamada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýändigi beýan edilýär. Şunda durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti ýurdumyzda kemala gelen we özgerýän milli nusgasynyň baş maksady hojalyk gatnaşyklarynyň erkinligine, peýdaly bäsdeşlige şert döredýär. Döwrebap innowasion esasda we tebigy serişdeleri netijeli ulanmak arkaly jemgyýetiniň ösýän maddy, ruhy isleglerini kanagatlandyrmakdan, senagat önümçiligini, hyzmatlat ulgamyny pudaklaýyn, sebitleýin we üznüksiz hem-de deň ölçegli ösdürmekden ybaratdyr. Milli maksatnamanyň we ony ýerine ýetirmek üçin çäreleriň Meýilnamasynyň mazmuny şu maksatdan ugur alýar.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudak-edaralaryny sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmegiň, durmuş we ekologiýa meseleler bilen utgaşykly çözülmeginiň zerurlygy ykdyasdy ulgamyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde hem möhüm wezipeleri öňde goýýar. Şol wezipeler Milli maksatnamada jikme-jik beýan edilýär.
Geljekde ýerden we suwdan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny hem-de mallaryň önüm berijiligini ylmy esasda ýokarlandyrmak, ekerançylykda suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary tapgyrlaýyn ornaşdyrmak we ony ykdysady taýdan höweslendirmek Milli maksatnamada öz beýanyny tapýar. Obasenagat ulgamynyň hojalyk kärhanalaryny we daýhan hojalyklaryny institusional taýdan pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine hususy kärhanalaryň hem meýilnamalaýyn esasda çekilmegini guramaçylykly ýola goýmak döwrebap kämil gurallaryň biridir.
Ykdysadyýetiň düzümini ösen bazar gatnaşyklaryna laýyklykda kämilleşdirmek üçin telekeçilik işi bilen meşgul bolýan iri hususy ulgamyň kärhanalaryna öwrülmegini ýola goýmak, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalaryň, hususy kärhanalaryň hem döredilmegini giňeltmek, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin işleriň utgaşykly durmuşa geçirilmegini has ösen derejelerde gazanmak döwrüň talabydyr.
Milli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hem degişli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen ylmy-barlag işleriniň guralyşyny utgaşdyrmak babatyndaky işler hem göz öňünde tutulandyr. Durmuş-ykdysady ösüşiň derwaýys meselelerini öwrenýän ykdysadyýet ylmy barada belläp geçenimizde, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady çaklaýşyň orny has-da ýokarlanýar.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini dolandyrýan ykdysady ulgam bolan döwlet edaralarynyň hem-de ylmy edaralaryň tagallalarynyň birikdirilmegi döwrüň talabydy. Şol nukdaýnazardan, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýylda ýerine ýetirmek üçin kabul edilen Milli maksatnamasy döwletimiziň şu döwürde durnukly ösmeginiň ýoluny kesgitledi.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde ýadawsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirilýän işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.
Züleýha ŞERMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.