Eziz Watan beslenýär bagy-bossana

04-10-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda azyk we ekologiýa howpsuzlygy barha berkidilýär. Diýarymyz ýaşyl zolaklara bürenip, bazarlarymyz arassa azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bimöçber aladalary bilen, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak, şol sanda her ýylda yzygiderli bag nahallaryny ekmek arkaly ýaşyl zolaklaryň çägini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şu ýylky ählihalk bag ekmek dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Gahryman Prezidentimiziň gatnaşyp, ilkinji agaç nahalyny oturdyp, bu sahawatly işe ak pata bermegi eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmeginde, halkymyzyň gözel tebigatymyza bolan söýgüsiniň artmagynda, ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgularyny ösdürmekde möhüm pursatlar boldy.

Toplumlaýyn ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigat bilen sazlaşykly, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen işler bilen utgaşykly durmuşa geçirilýär. Olar ýurdumyzda suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa bilimini ýokarlandyrmak ýaly işlerden ybaratdyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyly içinde milli kanunçylyk binýadymyza ekologiýa babatda halkara kadalary we bu ugurda kabul edilen konwensiýalaryň talaplary yzygiderli ornaşdyryldy. Milli kanunçylygymyzda daşky gurşawy abat saklamak we gowulandyrmak, raýatlaryň oňaýly daşky gurşawa bolan kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmek, tokaýlary abat saklamak we olaryň sanyny artdyryp, çägini üznüksiz giňeldip durmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň esaslary beýan edilýär.

Berkarar döwletimizde daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen ýörite maksatnamalaryň hem kabul edilendigini we üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtmak bolar. Ýurdumyzyň «Gök guşak» maksatnamasynda bellenilen çäreler esasynda ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaşyl zolaklar, seýilbaglar döredildi. Şäherleriň we obalaryň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän bu Maksatnamanyň ilatyň saglygyny goramaga we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge hem oňaýly şertler döredýär. Şeýle işleriň hatarynda ýurdumyzda kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem belläp geçmek bolar. Bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, ilatly ýerleriň daş-töweregine ýaşyl zolaklary aýlamak, oba hojalyk meýdanlarynyň daşynda goraýjy tokaý zolaklaryny döretmek, dag arçalarynyň, sähra sazaklarynyň tokaýlyklarynyň we kenarýaka jeňňellikleriň gaýtadan dikeldilmegi boýunça wezipeler diýseň üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda howa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen köpçülikleýin bag ekmek işleri bilen birlikde ilatymyzyň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam berýän, pyýada gezelenç etmegiň, welosipedde ýa-da jemgyýetçilik ulagynda gatnamagyň artykmaçlyklaryna ünsi çekýän beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyny bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwanama mynasyp bolandygyny türkmen halkyna ýetirmeginiň gözbaşynda şular ýaly buýsandyryjy beýik işler durýar. Bu resminama Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ekologiýany we daşky gurşawy goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin edilýän tagallalaryň, gazanylýan netijeleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini hem-de olara dünýä derejesinde ýokary baha berilýändigini doly tassyklaýar.

Arslan HASANMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.