FERMENTLERIŇ YNSAN SAGDYNLYGYNDAKY ÄHMIÝETI
22-10-25
Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk. Durmuşyň hözirini görüp, emin-erkana ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek üçin ynsana, ilkinji nobatda, jan saglyk gerek. Filosofiýanyň ägirdi Platonyň sözi bilen aýtsak, saglyk hemme zat däl, emma hemme zat saglyksyz hiç zat. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramakda yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Gözel Diýarymyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we tutuş milletiň hem-de aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň gündelik hakykatydyr.
«Saglygym - baş baýlygym» diýen peder-pähimine eýerilýän bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Munyň şeýledigini Sanitariýa kodeksinde «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» we «Derman üpjünçiligi» hakynda Türkmenistanyň kanunlaryna girizilýän üýtgemelerde we goşmaçalarda görmek bolýar.
Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işjeň agzasy hökmünde ýurdumyzda we bütin dünýäde adamlaryň saglygyny goramak, olaryň saglygyna we ömrüne howp salýan dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýar.
Häzirki wagtda howanyň sowamagy bilen güýz-gyş aýlary ýiti respirator ýokanç keseller köpelýär. Keseliň esasynda dem alyş ýollary zeperlenýär. Ýiti respirator ýokanç keselleri ýygy-ýygydan gaýtalanyp, biziň kadaly durmuşymyza päsgel berýär. Kesel sebäpli adamda gyzgynlygyň ýokarlanmagy kelle agry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk döreýär. Kesel agyr geçen ýagdaýynda ýürek- damar ulgamy, dem alyş ulgamy, merkezi nerw ulgamy zeperlenýär we agyr gaýraüzülmeler ýüze çykýar.
Adam bedeninde fermenleriň ähmiýeti örän uludyr. Fermentler bedenimizdäki metabolizmi ýa-da himiki reaksiýalary çaltlaşdyrmaga kömek edýän beloklardyr. Olar iýmit siňdiriş prosesini we bagryň işleýşini gowulandyrmak üçin zerurdyr.
Fermentler adam bedeninde ýüze çykýan biohimiki reaksiýalaryň hemmesinde diýen ýaly katalizator hökmünde çykyş edýär. 2013-nji ýyla çenli 5000-den gowrak dürli fermentler hasaba alyndy. Bu beloklar bedeniň alyş-çalşyny ugrukdyrmak we kadalaşdyrmak bilen, ýaşaýşyň ähli proseslerinde möhüm orun eýeleýär. Şol sanda, iýmit siňdirmäge, ýokumly maddalary siňdirmäge we metabolizmi saklamaga kömek edýär. Bedende fermentatiw deňagramlylygy saklamakda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, sagdyn we fermentlere baý iýmiti kabul etmek zerurdyr.
Fermentler esasan beloklar, aminokislotalardan emele gelen çylşyrymly molekulalardyr. Üýtgemän galyp, himiki reaksiýalary çaltlaşdyrmak üçin özboluşly ukyby bar. Fermentler aşgazan asty mäzinde, içegelerde we aşgazanda bolýar. Fermentleriň bedendäki öýjükleri ösdürmek we bejermek üçin uly täsiri bardyr.
Fermentler lukmançylyk tejribesinde anyklaýyş (ferment diagnostikasy) we bejeriş (ferment bejergisi) serişdeleri hökmünde giňden ulanylýar. Mundan başga-da, fermentler birnäçe maddany kesgitlemek üçin ýörite reagentler hökmünde ulanylýar.
Halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Akmaral GARAJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Inçekesel kafedrasynyň assistenti.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.