Baglar bezegidir abadan durmuşyň

01-05-25

Bag — gözellik. Ol töwerege gözellik goşmak bilen, howanyň tämizligine oňaýly täsirini ýetirýär. Bag ekilen ýaşyl zolaklar arassa, tämiz howa gurşawuny emele getirýär. Bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Halkymyz irki döwürlerden bäri bag ekmegi parz iş hasaplapdyr. Bag durmuşyň, ýaşaýşyň bezegidir. Ýurdumyzda bu babatda durmuşa geçirilýän işler giň gerime eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda we welaýatlarda tokaý zolaklaryny döretmek işlerine aýratyn uly üns berilýär. Ekologiýa medeniýetiniň artdyrylmagynda uly ähmiýete eýe bolan köpçülikleýin bag ekmeklik eziz Diýarymyzda döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Mälim bolşy ýaly, bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi alnyp barylýan işleriň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygyny görkezdi.

Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek ýurdumyzda üns berilýän esasy meseleleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde ýurdumyzda giň tokaý zolaklary döredildi.

Ekologiýa abandançylygyny üpjün etmek tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalary, düzümleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Mundan başga-da ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryň hem köpüsine goşulandyr.

Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilmegi tebigatymyzyň gözel görke eýe bolup, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetli boldy. Gözel durmuşymyzyň bezegi bolan baglar barada halk arasynda kalba ýakyn jümleler hem ýörgünlidir. «Bir agaç ekseň ýaşyň bakydyr», «Bagym bar, barym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly nakyllar we atalar sözleri halkymyzyň bag ekmeklige aýratyn hormat bilen garandygynyň alamatydyr. Bu gadymy döwletli ýörelgelerimiziň esasynda bolsa halkymyzyň zähmetsöýerlik, watansöýüjilik, tebigata aýawly çemeleşmek ýaly asylly häsiýetleriniň jemlenendigini görmek bolýar. 

Ekilen baga ideg edilip, onuň gowy boý almagyna we kadaly ösmegine aýratyn gözegçilik edilipdir. Bag ekmek bilen halkymyz tebigatyň gözel görke eýe bolmagyna we ekologiýanyň arassa saklanylmagyna jogapkärli çemeleşipdir. Türkmen edebiýatynyň nusgawy we ajaýyp eserlerinde hem bag ekmegiň ähmiýeti çeper suratlandyrylýar. Ýazyjy-şahyrlarymyz özleriniň döredijiliginde bag eken adamyň adynyň baky ýadygär galjakdygyny goşgy setirlerinde joşgunly beýan edýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjegini bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.