GEÇMIŞI ŞÖHRATLY TÜRKMEN TOPRAGY

11-03-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Şonuň üçin hem, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şunuň ýaly taryhy ýerlerde hem gymmatly maglumatlary, taryhy tapyndylary görmek bolýar. Gadymy galalarda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerde hem binagärlik-gurluşyk galyndylary ýüze çykarylýar we ylmy esasda öwrenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işler alymlaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär, şeýle hem şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmakda ähmiýetlidir. Giň gerimli ynsanperwer gatnaşyklar birek-biregi goldamak, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly däpleri döwrebap derejede kämilleşdirýär.

Amul, Merw, Nusaý, Dehistan, Köneürgenç ýaly gadymy ýerlerimiz hakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Gündogardan gelýän kerwenler türkmen topragyndaky täsin binalara tomaşa etmäge mümkinçilik tapypdyrlar. Onuň bol harytly bazarlarynda seýrek duş gelýän harytlardan kerwenlerindäki düýeleriň horjunlaryny mas ýükläp, ýoluny dowam edipdirler. Şonuň üçin hem bu toprakda baý tapyndylara duşmak bolýar. Taryhy maglumatlary gadymy ýazuw çeşmelerinde hem görmek bolýar. Ýazuw çeşmeleri we arheologik maglumatlar orta asyrlarda hut şu topraklarda senetkärligiň we söwdanyň ösen merkezleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.

Taryhyň gatlarynda galan gymmatlyklary tapmakda we ylmy esasda öwrenmekde arheologlaryň uly işleri bitirýändigini bellemek gerek. Arheologlaryň we rejeleýjileriň dürli kynçylyklara döz gelip ýetýän üstünlikleri taryhyň sahypasynda öçmejek yz galdyrýar. Şeýle gymmatly tapyndylar ritonlardan, syrçaly keramika küýzeden we täsin gaplaryň böleklerinden ybaratdyr. Şonuň bilen bir hatarda dürli sungat, zergärçilik önümleri, şekiller aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi taryhymyzyň gadymylygyny aňladýar we milli medeniýetimiziň baýdygynyň subutnamasy bolup durýar. Ol tapyndylaryň aglabasy gadymy türkmen topragynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky esasy söwda merkezleriniň biri bolandygyny tassyklaýar.

Ata Watanymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmagy gadymy şäherlerimiziň ykdysady we medeni babatda ýokary göterilmegine uly täsir edipdir. Halkara ylmy maslahatlarda hem dünýäniň alymlary bu babatda ençeme gezek beýan etdiler. Bu bolsa türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň dünýäde uly gyzyklanma bilen öwrenilýändigini aýdyň beýan edýär. Bu gadymy toprakda binagärçilik sungatynyň hem ösendigini görmek bolýar. Esasan hem taryhçylar Sarahsda binagärlik mekdebiniň bolandygyny, gadymy taryhy ýadygärlikleriň ençemesiniň şeýle ussalar tarapyndan gurlandygyny nygtaýarlar. Bu bolsa taryhda binagärligiň üstünlikli ösdürilendigi we taryhda mynasyp yz goýandygy bilen baglanyşyklydyr.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda gadymdan gelýän şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Maýsa TAGANOWA,
Balkan welayatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.