BAHAR TEBIGATY HEM-DE YNSAN SAZLAŞYGY
21-03-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýalkymly günlerinde, ata Watanymyza pasyllaryň soltany Bahar gadam basdy. Bahar - bu diňe bir ýylyň pasly däl, eýsem, ol täzelenişiň, ruhy galkynyşyň we umumyadamzat bähbitli täze başlangyçlaryň nyşanydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülüstana öwrülýän mähriban Diýarymyzda, bahar pasly özüniň ähli gözelligi we berekedi bilen dabaralanýar.
Türkmenistanyň giň we sahy topragy bahar paslynda hakyky janly nakgaşlygy ýatladýar. Garagumuň al-ýaşyl begrese bürelmegi, Köpetdagyň jülgelerinden gelýän dury çeşmeleriň sesi we sähralarda açylýan çigildemler ynsanyň ruhuna ruh goşýar. Biz - bagtyýar döwrüň ýaşlary üçin bu gözellikler diňe bir tebigy hadysa däl, eýsem, Watany söýmegiň, onuň her bir daryşynyny gözüň göreji ýaly goramagyň mukaddes mekdebidir. Tebigat biziň iň uly baýlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ekologik syýasat, her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary Watanymyzyň tebigy keşbini düýpli özgerdýär. “Gök guşak” maksatnamasynyň çäginde ekilýän millionlarça nahallar geljekde uly tokaýlyklara öwrülip, asuda asmanymyzyň durnuklylygyny we howanyň tämizligini üpjün eder. Bu işlere gatnaşmak her bir okuwçy we ýaş nesil üçin öz Watanyna bolan wepalysynyň amaly beýanydyr.
Tebigaty söýmek - Watany söýmekdir. Ýaş neslimiz üçin bahar pasly diňe bir dynç alyş däl, eýsem, daşky gurşawy öwrenmegiň, biologiýa we ekologiýa derslerinde alnan nazary bilimleri amalyýetde synlamagyň ajaýyp pursatydyr. Bir däne nahaly oturtmak, gülleýän şahany döwmezlik, ösümlik dünýäsine mähir bilen garamak - bular hakyky ynsanperwerligiň başlangyjydyr. Tebigat biziň saglygymyzyň, ruhubelentligimiziň we döredijilikli zähmetimiziň çeşmesidir. Bahar paslynda dag eteklerine, seýilgählere gezelenç etmek okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltýär. Tebigatyň her bir gülüniň, her bir ýapragynyň özboluşly gurluşy we hyzmaty bar. Şol gurluşy öwrenmek ýaşlarda ylma bolan höwesi artdyrýar. Biz tebigatdan diňe bir gözellik däl, eýsem, sabyrlylygy, durnuklylygy we täzelenmäge bolan islegi öwrenýäris.
Bahar pasly biziň milli baýramlarymyz we däp-dessurlarymyz bilen hem berk baglanyşyklydyr. Halkara zenanlar güni we Nowruz baýramy tebigatyň oýanmagy bilen utgaşyp, ynsanlaryň arasyndaky mähri, agzybirligi has-da berkidýär. Enelerimiziň sähranyň berekedi bolan bugdaýdan semeni taýýarlamagy, ýaşlaryň hiňňildiklerde uçmagy - bular biziň köp müňýyllyk medeniýetimiziň bahar bilen sazlaşygyny görkezýär. Bu ýyl bu şanly baýramlaryň hataryna Oraza baýramy hem goşuldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň merkezi hökmünde ykrar edildi. Baharyň gelişi bilen ýurdumyzda uly gurluşyklar, täze desgalaryň açylyş dabaralary we halkara forumlar bat alýar. Bu ösüşler hut baharyň joşgunyna meňzeýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Arkadag şäheriniň “akylly” we “ekologik taýdan arassa” şäher konsepsiýasy, biziň geljege bolan garaýşymyzyň nähili belentdigini görkezýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bahar pasly baradaky şygyrlary häzirki wagtda has-da dabaraly ýaňlanýar. Şahyryň arzuw eden, her daryşyndan nur ýagýan gülüstana öwrülen Watany - şu günki Berkarar Türkmenistandyr. Biz bu bagtyýarlygyň gadyryny bilmeli we tebigatymyzy geljekki nesiller üçin mukaddeslik hökmünde saklamaly.
Jemläp aýdanymyzda, bahar pasly - bu biziň ruhy galkynyşymyzdyr. Tebigaty söýmek arkaly biz öz şahsyýetimizi kämilleşdirýäris, Watana bolan söýgimizi subut edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir künjegi jenneti mekany ýatladýar. Goý, täze gelen bahar pasly her birimiziň kalbymyzda ýaşyl seýilgahleriň we gülleýän baglaryň sanyny artdyrmaga bolan hyjuwy oýarsyn! Watanyň her bir garyşynyna bolan söýgi bizi täze ylmy ýeňişlere we asylly işlere ruhlandyrsyn! Halkymyzyň asmany dury, topragy bereketli bolsun, bahary baky ýazlara beslensin!
Bahar ORAZDURDYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Baş gazna saklaýjysy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.