Ulag ulgamynyň bilim binýady kämilleşýär

01-04-26

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at — myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda döwrebap taslamalar, giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Biz muny ýurdumyzyň gülleýän keşbinde, berkarar döwletimiziň ykdysady pudaklarynyň özgerişinde aýdyň görýäris. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilmegi hem täze mümkinçilikleri açýar. Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi hem aýdyň delildir. Şunuň bilen baglylykda, dünýä derejesinde, şeýle ýokary depginli ilerledilýän köpugurly ulag ulgamynyň ylmy we nazary binýadyny pugtalandyrmak hem döwrüň talaplaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini şu günüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny häzirki döwrüň jemgyýetçilik zerurlyklaryny kanagatlandyrmak esasynda özgertmegi ündeýär. Şunda geljekde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek, öz ugurlaryny döwrebaplaşdyrmakda täzeçil strategiýalary işläp taýýarlajak hünärmenlere möhüm orun degişlidir. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny netijeli ilerledýän ýurdumyzyň bu ugurda kuwwatly bilim binýadynyň bolmagy ýokary taýýarlykly hünärmenleriň ýetişdirilmegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdeplerimizde ylmyň we tehnologiýanyň, senagatyň dürli ugurlaryna ýöriteleşýän ýaşlar okap bilim alýar. Ulag ulgamynyň iri infrastrukturasynyň günsaýyn kämilleşýändigini nazarda tutsak, bu ugurda zähmet çekjek hünärmenleriň döwrebap bilim almak zerurlygy öz-özünden düşnüklidir.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ulag ulgamynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýokary hünär bilimli ýaşlary taýýarlaýan esasy bilim ojagy hökmünde bu işe nazaryýet we tejribe taýdan düýpli çemeleşýär. Institutymyzda ulag ulgamynda zähmet çekjek hünärmenleriň arasynda gara ýol, demir ýol, howa ulaglary pudaklarynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak talyplar bilim alýarlar. Talyplara howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulaglarynda gatnawlary guramak we dolandyrmak, howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy, uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy ýaly birnäçe hünärler boýunça ýokary bilim berilýär. Öz saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmaklaryny, döwrebap uçuş enjamlaryna ussatlyk bilen erk edip bilmeklerini gazanmak üçin, talyplara nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde durmuşa geçirmek, inženerçilik hünär endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň awtomobil ýol, demir ýol, howa ulaglary pudaklaryna degişli edara-kärhanalaryna önümçilik-tejribelikleri guralýar.

Talyp ýaşlara halkara tejribeleri öwretmek bilen baglylykda, institutymyz dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa awtomobil, demir ýol, howa ýollary pudaklarynda alnyp barylýan işleriň döwrebap we kämil derejede ýola goýulmagynda, howa ulaglary pudagynyň binýadynyň öňküden-de berkidilmeginde oňyn netijeleri berýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuw türgenleşiklerini geçirmäge niýetlenen «Diamond» kysymly howa gämileriniň halkara derejeli sertifikatlaşdyrylan ýerli uçarman tälimçilerini taýýarlamak bilen bagly teklip beýan edilipdi. Elbetde, geljekde şular ýaly derwaýys işleriň göz öňüne tutulmagy ýurdumyzda diňe bir türkmen uçarmanlarynyň däl-de, eýsem, daşary ýurtly uçarmanlaryň taýýarlanylmagyna, mekdebiň okuw-türgenleşik uçuşlaryna Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentliginiň oňyn tejribesini we standartlaryny ornaşdyrmaga, galyberse-de, howa ulaglary ulgamynda halkara tejribeleri öwrenmäge, bu ulgamyň işini mundan beýläk-de ilerletmäge örän uly täsirini ýetirer.

Ulag ulgamy — ýurduň ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji diýilse has ýerlikli bolar. Bu ugry ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi hem onuň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny birleşdirýän ulgamdygy bilen baglydyr. Her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi hem Türkmenistanyň bu ugurdaky dünýä ähmiýetli başlangyjydyr. Şunlukda, döwletimiz ulag-logistika ulgamynyň dünýäde pajarlamagy üçin degerli maslahatlary berýär, tekliplerini beýan edýär, döwrebap başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmen halkynyň eşretli durmuşy, ýaş nesliň sowatly, bilimli bolmagy, döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda giň mümkinçilikleridir şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, külli adamzat ähmiýetli döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Ýaran AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we  ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16ae497a4814b9.jpeg
Ulag-logistika — sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry

Häzirki döwürde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara jemgyýetçiligiň umumy tagallalaryna işjeň goşulyşýar.


16ae2d62ac904d.jpeg
Aşgabatda Zenanlar birleşigi bilen Aragatnaşyk ministrligi zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbet etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşdylar. «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy 26-njy oktýabrda ministrligiň mejlisler zalynda geçirildi.


16ae2d466a0f33.png
Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $117,5 milliona ýetdi

2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 117 million 561,9 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugy habar berýär.


16ae183f206ef2.jpeg
Hazarýaka döwletleri Aşgabatda ylmy hyzmatdaşlygy maslahatlaşýarlar

Aşgabatda 27-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Hazar deňzi institutynda geçirilýän bu duşuşykda taraplar deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Mejlis öz işini 28-nji oktýabrda tamamlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.


16ae1864715e9b.jpeg
Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.