Sagdyn ýörelge — sagdyn jemgyýet

03-04-26

Beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde edilýän aladalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orna eýedigini aýdyň görkezýär.

Howanyň yssy wagtynda açyk howada işleýän ildeşlerimiz hökman kellelerini ýaglyk, başgap bilen örtmeli. Açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeli, ýeňleriniň uzyn bolmaklaryny gazanmaly. Gözlerine Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmak, saýawan ulanmak maslahat berilýär. Ýiti göni Gün şöhlesinden goranmak üçin her bir adam öz saglygyna örän jogapkärli çemeleşip, bellenilen kadalary gyşarnyksyz berjaý etmeli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýermeli. Sagdyn durmuş ýörelgesini pugta berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmegi unutmaň! Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Gün urmadan goranmak üçin başgap, mümkin bolsa, ak, açyk reňkli eşik geýmäge çalyşmaly, saýawan götermeli. Gök önümleri we miweleri köpräk iýmeli. Kabul edilýän nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyny gazanmaly. Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny içmeli. Tomus paslynda şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri ürç edip iýmekden saklanmaly. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny doly we dogry berjaý etmeli.

Yssy howada çagalara daşarda oýnamaga ýa-da gezelenç etmäge rugsat bermeli däldir. Gan basyşyňyzy we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Möwsümleýin döreýän keselleriň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Gün urmanyň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Derman we antibakterial serişdeleri lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak hiç wagt ulanmaly däl. Daşarda, açyk howada gezelençler ir säher, sagat 06-00-dan 09-00-a çenli, agşamlyk bolsa 18-00-dan soň bolsa has peýdalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmek maslahat berilýär. Witamin С — askorbin turşusyna baý önümleriň şirelerini (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma, pyrtykal miwe şirelerini, kelem, käşir we beýleki bakja önümleriň şirelerini) ýygy-ýygydan içmeli. Günüň dowamynda nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyny gazanmaly. Gök we miwe önümleri iýlende arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli. Tomus paslynda şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri ürç edip iýmekden saklanmaly. Ýiti iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny talabalaýyk berjaý etmeli. Olary söwda merkezlerinden satyn almaly, öý şertlerinde talabalaýyk belgileniş nyşanynda görkezilen möhlete çenli saklamaly we ulanmaly. Gan basyşyňyzy we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň maslahatlaryny pugta berjaý etmeli.

  • Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmak üçin başgap geýiň, ýaglyk örtüniň, äýnek dakynyň we saýawan ulanyň.
  • Askorbin turşusyna (witamin С) baý önümlerden iýmitleniň.
  • Şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri ürç edip iýmeklikden saklanyň.
  • Naharlananyňyzda günüň dowamynda bedene aralaşýan nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyna çalşyň.
  • Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň.
  • Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny içiň.
  • Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýenik talaplary talabalaýyk berjaý ediň.
  • Gan basyşyňyzy we ganyň düzümindäki süýjüni elmydama gözegçilikde saklaň.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmek maslahat berilýär. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl, sebäbi kesel dörediji wiruslara, antibakterial serişdeler täsir etmezligi ahmal. Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasyny baglaşyp, döredilen ýeňilliklerden peýdalanyp, ýurdumyzda hereket edýän şypahanalarda öz saglygyňyzy berkitmegi unutmaň! Öz halkynyň sagdyn, bolelin hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin dyngysyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Enejan BORJAKOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. 

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.