Ahalteke bedewi – asyrlaryň buýsanjy
07-04-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň täze ösüş belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň arasynda Ahalteke bedewi aýratyn orun tutýar. Bu täsin jandarlar diňe bir gözelligiň we çalasynlygyň nyşany bolman, eýsem türkmen ruhunyň, mertliginiň we döredijilik gämisiniň aýdyň beýanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi hem, behişdi bedewlerimize bolan sarpanyň döwlet derejesindäki iň belent dabaralanmasydyr.
Türkmen halky bedewi özüne “ganat” hasaplapdyr. Taryha ser salsak, Ahalteke bedewleriniň genofondunyň arassalygy we kämilligi dünýäniň atçylyk sungatynda uly öwrülişikleri döredipdir. Gorkut ata, Görogly beg ýaly taryhy gahrymanlarymyzyň ýanynda hemişe wepaly bedewleri - Gyraty, Bozaty bolupdyr. Bu bedewler diňe bir ulag däl, eýsem söweş meýdanynda dost, darygyňda syrdaş, uzak ýolda hemra bolupdyrlar.
Ahalteke bedewiniň özboluşly beden gurluşy, inçe boýny, ýüpek ýaly ýalçygy we iň esasy bolsa - Gün şöhlesine öwüsýän altynsow öwüşgini ony dünýädäki ähli at tohumlaryndan tapawutlandyrýar. Alymlar bu bedewiň dörän ýeri bolan Köpetdagyň etekleriniň we Garagum sährasynyň tebigy şertleriniň onuň çydamlylygyna we dözümliligine uly täsir edendigini belleýärler. Türkmen seýisleri asyrlaryň dowamynda bu gudraty gözüniň göreji ýaly gorap, nesilden-nesle kämilleşdirip geçiripdirler.
Şu günki gün Türkmenistan dünýäniň atçylyk merkezine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, özüniň “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ajaýyp eserinde bu behişdi jandarlaryň taryhy ähmiýetini we ruhy dünýämizdäki ornuny ylmy hem-de çeper esasda açyp görkezdi. Bu eserler biziň üçin hakyky gollanma, milli gymmatlyklarymyzy söýmegiň we goramagyň nusgasydyr.
Ýurdumyzda döredilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, gurlan döwrebap atçylyk toplumlary we ylmy-önümçilik merkezleri dünýäde deňi-taýy bolmadyk desgalardyr. Her ýyl ýurdumyzda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy dünýäniň dürli künjeklerinden atşynaslary, alymlary we syýahatçylary özüne çekýär. Bu dabaralar türkmen bedewiniň diňe bir milli däl, eýsem bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidygyny subut edýär.
Atçylyk sungaty türkmen terbiýeçilik mekdebiniň özenidir. Çagalygyndan at üstünde kemala gelen ýüwrük ýaşlar mert, batyr we sabyrly bolup ýetişýärler. Seýisçilik sungaty bolsa uly bir durmuş mekdebidir. At bilen ynsanyň arasyndaky şol üýtgeşik ruhy baglanyşyk, birek-birege ynam we söýgi biziň milli häsiýetimizde bar. Milli gymmatlyklarymyza söýgi düşünjesi her bir türkmeniň ganynda bardyr. At bezegleri - kümüşden, altyndan, dürli gymmat bahaly daşlardan ýasalan eýer-enjamlar türkmen zergärçilik sungatynyň iň ýokary nusgalarydyr. Biz bedewi diňe bir “ulag” hökmünde däl, eýsem maşgalamyzdan biri, iň ýakyn dostumyz hökmünde söýýäris. At çapylanda onuň badyna ýüregimiz gursagymyza sygman urýar, onuň ýeňşine tutuş halk bolup begenýäris.
Ahalteke bedewi - biziň geçmişimiz bilen geljegimizi birleşdirýän tylla köprüdir. Şu günki ýaşlar, talyplar we hünärmenler öz öňünde goýan belent maksatlaryna bedew bady bilen barýarlar. Ýurdumyzda sportuň atçylyk görnüşleriniň, konkur, atly gezelenç we sirk sungatynyň ösdürilmegi ýaşlaryň bu ugra bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. “Galkynyş” atly milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda gazanýan üstünlikleri türkmen bedewiniň şöhratyny has-da dabaralandyrýar.
Ahalteke bedewi - türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, döwletliligimiziň we sarsmaz ruhumyzyň simwolydyr. Ony gorap saklamak, sarpasyny belent tutmak we dünýä dabaralandyrmak her bir türkmen raýatynyň mukaddes borjudyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda biziň ähli arzuw-niýetlerimiz ak pelläniň bedewi ýaly şowly bolsun! Milli mirasymyzy, behişdi bedewlerimizi dünýä tanadan, atçylyk sungatyny täze belentliklere göteren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, mähriban Watanymyzda bedewleriň kişňemesi elmydama belent ýaňlansyn!
Amanmyrat GOÇMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.