SANLY ULGAM GIŇDEN ORNAŞDYRYLÝAR
08-04-26
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwür ylmyň we tehnologiýalaryň zamanydyr. Iň esasy bolsa halkyň ýaşaýşy üçin döwrebap şertleriň döredilýänligidir, ylym-bilim babatda döwlet syýasatynyň dünýä ülňülerine laýyk alnyp barylýanlygydyr. Jemgyýeti ösdürmekde ylma uly orun degişli bolup durýar. Ylmy-tehniki özgerişleri milli ykdysadyýete ornaşdyrmakda ummasyz işleriň amala aşyrylýandygy hemmämizi buýsandyrýar.
Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgama aýratyn üns berilmegi ýöne ýerden däl. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar we sanly ulgam ösdürilýär. Bu ugurdan kämil hünärmenler taýýarlanylýar, olaryň bilim derejesine üns berilýär. Ösen tehnologiýalary ýaşlara öwretmekde, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde netijeli işler amal edilýär.
Çalt ösýän we özgerýän dünýäde biziň bitirýän işlerimiziň ählisi adam zähmeti we paýhasy bilen berjaý bolýar. Şunda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň düýp mazmunynda ylym-bilimiň durandygy hem döwrüň ösüşi bilen baglydyr. Şol bir wagtda-da, dünýä tejribesini öwrenmek, ornaşdyrmak hem wajyp bolup durýar. Sanly bilim ulgamy muňa anyk mysaldyr. Bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, şahsyýetiň aň kämilligini ösdürmekde, ykdysady özgertmeleri ornaşdyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan sanly bilim ulgamy ösdürilýär, döwrebap özgertmeler ýola goýulýar.
Häzirki döwürde ylym-bilimiň kämil derejä eýe bolmagy üçin dürli pudaklarda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Umumylykda alanyňda, sanly ulgamyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň has-da ilerlemegine we kuwwatlanmagyna ýardam berýär. Sanly ulgamyň kömegi arkaly göz öňünde tutulan ähli işleri ýerine ýetirip, maksatnamalary durmuşa ornaşdyryp bolýar. Şunuň özi hem ösüşe tizlik berýär, üstünligiň täze ugry bolup durýar. Bularyň hemmesi bolsa öz gezeginde, milli ykdysadyýetiň has-da ösmegini üpjün edýär. Şonuň üçin hem sanly ulgama oňat düşünýän kämil hünärmenleri taýýarlamakda döwrebap işler ýola goýulýar. Ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek, durmuşa ornaşdyrmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli. Ylmyň dürli ugurlary boýunça ýeten täze üstünliklerine eýe bolmaly. Sebäbi ylmyň, tehnikanyň ýeten derejelerinden habarly bolmak täze açyşlara mümkinçilik berýär.
Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň çuňňur bilim we terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi diýseň guwandyryjydyr. Döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler, giň gerimli özgertmeler mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin güýç-kuwwata öwrüljek ylymly-bilimli ýaşlaryň täze tapgyrynyň kemala gelmegine ýol açýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam edýän bilim özgertmeleriniň halkara derejesinde yzygiderli ykrar edilmegi bolsa belent üstünligiň aýdyň beýanydyr. Ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Döwlet ÖWEZOW,
Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.