GELJEGIŇ KÄMIL BINÝADY

10-04-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda milli bilim ulgamy düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň başlangyç basgançakdan başlap kämil bilim almagy döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde başlangyç synp okuwçylaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan täze okuw ýylynda döwrebap kompýuterleriň sowgat berilmegi dabaraly däbe öwrüldi. Bu döwrebap tehnologiýalar başlangyç synplarda sapaklaryň gyzykly, görkezme esbaplaryna baý we interaktiw geçmegini üpjün edýär.

Başlangyç synp okuwçysy üçin maglumaty diňe bir okamak däl, eýsem ony reňkli şekiller, sesli wideolar we sanly oýunlar arkaly kabul etmek has netijelidir. Bu usul çaganyň sapaga bolan höwesini artdyryp, bilimleriň çuňňur özleşdirilmegine ýardam edýär. Başlangyç synplarda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, “Oýun arkaly öwretmek” usulyýeti giňden ulanylýar. Sapaklarda ulanylýan didaktiki oýunlar çagalaryň ýadamagynyň öňüni alýar we sapagyň dowamynda işjeňligi saklaýar. Meselem, sözleýiş ösdürmek sapaklarynda rollara bölünip oýnamak, suratly kartalar bilen işlemek körpeleriň söz baýlygyny artdyrmakda bahasyna ýetmez guraldyr.

Mugallym hökmünde her bir sapagy bir täsinlige öwürmek biziň baş wezipämizdir. Sapakda ulanylýan her bir täze usul, her bir gyzykly hekaýa çaganyň hyýaly dünýäsini baýlaşdyrýar. Başlangyç synpda okatmagyň hakyky ussatlygy - çylşyrymly maglumatlary iň ýönekeý we düşnükli dilde çaganyň aňyna ýetirmekdir. Başlangyç synplarda bilim bermek milli terbiýe bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şadiwanlary hem-de beýleki gymmatly eserleri biziň üçin terbiýeçilik mekdebidir. Sapaklarda türkmen halkynyň nakyllaryny, ertekilerini we pederlerimizden miras galan asylly ýörelgeleri ulanmak çagalarda watansöýüjilik duýgusyny kemala getirýär.

Körpejeler “Watan”, “Maşgala”, “Zähmetsöýerlik” ýaly mukaddes düşünjeleri ilkinji gezek başlangyç synpda doly we dogry kabul edýärler. Mugallymyň her bir sözi, onuň edep-ekramy okuwçy üçin iň uly nusgadyr. Şonuň üçin hem, başlangyç synp mugallymy ýokary medeniýetliligiň we ynsanperwerligiň nusgasy bolmalydyr. “Tebigaty öwreniş” sapaklarynda çagalara tebigaty söýmegi we goramagy öwretmek örän möhümdir. Mekdep melleklerinde geçirilýän amaly sapaklar, baglara ideg etmek, guşlara höwürtge ýasamak ýaly çäreler çagalarda ekologik medeniýeti kemala getirýär. Bu basgançakda alnan terbiýe geljekde tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýan, daşky gurşawa aýawly garaýan kämil şahsyýetiň kemala gelmegine şert döredýär.

Jemläp aýdanymyzda, başlangyç synplarda sapak geçmek - bu geljekki alymlaryň, inženerleriň, lukmanlaryň we mugallymlaryň ilkinji ädimlerini dogry ugra gönükdirmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, biz ýaş nesle döwrebap bilim we milli terbiýe bermegi dowam etdireris. Halkymyzyň geljegi bolan körpeleriň bagtyýarlygy, bilim ulgamynyň ösüşi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ýoly elmydama ýagty bolsun!

Mahym ALLABERDIÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz saheriniň 21-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.