ÝYLYŇ ŞYGARY – TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA
16-09-26
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz milli Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär. Şu maksat bilen, şeýle-de 2026-njy ýyly atlandyrmak barada halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi ýurdumyzyň belent ösüşlerine has-da badalga berdi.
Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan goşandy sanardan kän. Şeýle gymmatlyklaryň hatarynda syn-syýakly bedewlerimiz aýrayn orna eýedir. Gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, gymmatly baýlygy, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr.
Syn-syýakly bedewlerimiz babatda alnyp barylýan işleri jahan içre ýaýmak hem-de tagallalary birleşdirmek maksady bilen 2010-njy ýylyň 11-nji awgustynda ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Ahalteke bedewlerimizi köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we seýislemek baradaky alnyp barylýan işleri hukuk taýdan berkitmek maksady bilen 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi.
Alym Arkadagymyzyň jöwher zehini bilen dörän her bir eseri dünýä ýüzünde gyzgyn goldanma tapýar. Milli Liderimiziň dünýä okyjylaryna niýetlän «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ganatly bedewler» atly kitaplary ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýyny has-da ýokary göterdi. Bu çuňňur manyly ajaýyp eserlerde bedew atlaryň şöhratly ýoly, taryhy, şu güni hakynda ylmy esasda esaslandyrylan gymmatly maglumatlar bar. Bu bolsa her bir okyjynyň, alymyň, ylmy işgäriň ünsüni özüne çekýär.
Bedew türkmeniň uçar ganatydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň atşynaslarynyň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Türkmen bedewleriniň owadanlygy, ýyndamlygy dünýäni haýrana goýýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy hem bu aýdylanlary subut edýär. Mälim bolşy ýaly, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş etmegi hem-de ýeňiş gazanmagy türkmeniň atçylyk sungatynyň has ýokary derejelere eýedigini beýan etdi.
Behişdi bedewler toý-baýramlaryň bezegi bolup durýar. Şonuň üçin hem asyrlaryň dowamynda at çapmak, at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek milli gymmatlyk hökmünde ýöredilip gelnipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ajaýyp gymmatlyklar, milli sungat mynasyp ösdürilýär. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde, milli atşynaslyk sungaty-myzy dünýä derejesine çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýmakda, milli oýunlaryň, sungatyň ajaýyplyklaryny dabaralandyrmakda asylly maksatlara eýerilýär.
Bu günki günde türkmen ýigitleriniň ahalteke bedewlerine erk etmegi, milli oýunlarda ezberligi bilen öňe saýlanmagy dünýä ýüzündäki şöhratyny ýene-de belent derejelere ýetirýär. Milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gunça ÇARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.