HALK BÄHBITLI IŞLER BAGTYÝAR DURMUŞA BADALGA
18-04-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti barha kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimizi düýpli ösdürmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunda halk bähbitli işleriň, ýurdumyzy ösdürmekde öňde goýlan wezipeleriň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Halk bähbitli işler ilatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, ösen jemgyýeti gurmakdan, döwrebap mümkinçilikleri döretmekden gözbaş alýar.
Halkymyzyň artýan isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde belent binalar, medeni maksatly desgalar, şeýle hem ýaşaýyş jaýlary döwrebap derejede gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşleriniň halkyň abadan durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň beýan edýär. Berkarar ýurdumyzda diňe bir gurluşyk pudagynyň ösüşi däl-de, eýsem, ähli ugurlarda hem döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilip, beýik ösüşler gazanylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň uly orny bardyr. Şu babatda hem iň täze we döwrebap önümçiligiň, sanly tehnologiýalaryň öndürilýändigini bellemek gerek. Esasan hem, ösen kompýuter tehnologiýalarynyň iň häzirki zaman görnüşleriniň telekeçilerimiz tarapyndan öndürilmegi ösüşiň täze tapgyryny alamatlandyrýar.
Şu günki günde elektron önümçiligine uly üns berilýär. Bu ösen tehnologiýalar, sanly ulgam, sanly ykdysadyýet bilen berk baglanyşykly bolup, döwrüň ösmeginde we täze mümkinçiliklere eýe bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegi, önümçiligiň barha döwrebap mümkinçiliklere eýe bolmagy bellenmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär.
Ylym, tehnika we tehnologiýalar önümiň hilini we bäsdeşlige ukyply bolmagyny, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda, ilkinji nobatda, önüm öndürýän toplumlaryň işini kämilleşdirmek, pudagyň önümçilik we serişde kuwwatyny berkitmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça köp işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny, önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmagyň we ylmyň iň täze gazananlaryny işjeň durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýeti bardyr.
Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ähli pudaklary yzygider döwrebaplaşdyrmaga uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ylmy-tehniki işleriň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde, ykdysady pudagyň innowasiýa ösüşi üpjün edilýär, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy ýokarlanýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri netijesinde halkymyzyň bähbidi ileri tutulýar we röwşen geljegi üpjün edilýär.
Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüşi elektron we sanly mümkinçilikleri, şeýle hem ösen önümçiligi özünde jemleýär. Şunda dürli pudaklar, esasan hem, önümçilik pudaklary ykdysadyýetiň möhüm ugry hökmünde has-da ähmiýetli hasaplanýar. Önümçiligiň döwrebap ýola goýulmagy, sarp edijileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagy içerki bazaryň hem-de dünýä bazarynyň gyzyklanmasyny artdyrýar. Hut şu babatda ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagynda hem önümçiligiň üstünlikli dowam edilýändigi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde ähli pudaklaryň hem örän ähmiýetlidigini, olaryň sazlaşykly we netijeli işleriniň ileri tutulýan ugurlardygyny aýdyň beýan edýär. Ýokarda agzalyp geçilen aýratynlyklar häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn beýik işleriň ykdysady kuwwatymyzy ýokarlandyrmakda, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmakda örän ähmiýetlidigini alamatlandyrýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem sanly ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir.
Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Baýram HUDAÝGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.