Belent maksatlar aýdyň işler
25-05-22
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşlerimiziň dowamat dowamdygyny aýdyň beýan edýär. Bu babatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk».
Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda belläp geçen ugurlarynyň ýene biri saglygy goraýyş ulgamydyr. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler» diýip belleýär.
Döwletimiz sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn üns berýär we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Bu ugurda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa raýatlarymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň saglygy barada yzygiderli alada edilýändigini görkezýär. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşmek, raýatlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine hem möhüm ähmiýet berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklary has-da kämilleşdiriler».
Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we hukuk ulgamlarynyň ösüş ugurlaryny Konstitusiýamyza we dünýä tejribesine laýyk getirmek üçin deputatlar ähli tagallalary edýärler. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasynda kabul edilýän kanunçylyk namalary geljekde hem ýurdumyzda her bir raýatyň umumy ykrar edilen hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdiriler.
Kuwwatmyrat PÄLWANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Mugallym: G. Möjekow.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.