DÖWLETLI DÖWRANYŇ EÝESI ÝAŞLAR

28-04-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Her bir ýyl ýurdumyzyň taryhyna şöhratly sahypalary, täze üstünlikleri we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň nyşanlaryny ýazýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, biziň ýüreklerimizde egsilmez buýsanç we geljege bolan uly ynam döretdi. Beýik zamananyň talyby hökmünde biz bu okgunly ösüşleriň içinde ýaşap, öz bilimimiz we ukybymyz bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga çalyşýarys.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we baky Bitaraplygy biziň iň uly baýlygymyz, döwletliligimiziň mizemez sütünidir. 2026-njy ýyl - ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 31 ýyllyk şanly baýramyna hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nobatdaky belent sepgitlerine beslenýän ýyldyr. Bu ýylyň şygarynda "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" diýlip bellenilmegi tötänleýin däldir. Türkmen bedewi biziň milli buýsanjymyz, taryhy köklerimiziň we geljege bolan okgunlylygymyzyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni ulgamlardaky ösüşleri hut bedew bady bilen öňe barýar.

Häzirki döwürde bilim ulgamy ýurdumyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” durmuşymyza doly ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döredilen döwrebap şertler, interaktiw tehnologiýalar we elektron kitaphana ulgamlary biziň dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin giň ýol açýar. Talyp ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine höweslendirilmegi, halkara olimpiadalarynda gazanylýan üstünlikler türkmen biliminiň dünýä giňişligindäki abraýynyň subutnamasydyr. Biz talyp ýaşlar diňe bir nazary bilim almazdan, eýsem önümçilik bilen baglanyşykly amalyýetleri geçýäris, täze innowasion taslamalaryň üstünde işleýäris. Bilim - bu kuwwatdyr, biziň döwletimiz bu kuwwaty ýaşlaryň eline bermek üçin ähli şertleri döredýär.

2026-njy ýylyň her bir ädimi ýaşlara bolan uly ynam bilen utgaşýar. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri eýelemegi, daşary dillerini öwrenmegi, sport we medeniýet ulgamynda belent sebitleri eýelemegi üçin döredilýän mümkinçilikler bizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Biz, talyp ýaşlar, diňe bir okaýan okuw mekdebimiziň däl, eýsem tutuş jemgyýetimiziň işjeň agzalarydyrys. Ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik çäreleri, ylmy maslahatlar we döredijilik bäsleşikleri biziň zehinimizi açmaga kömek edýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýaşlaryň amala aşyrýan sanly taslamalary, startaplar we ylmy açyşlary Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär.

Türkmenistan diňe bir energiýa serişdelerine baý döwlet däl, eýsem tehnologiýalary özleşdirýän innowasion ýurtdur. Ýurdumyzda täze gurulýan senagat kärhanalary, akylly şäher konsepsiýalary biziň geljegimiziň nähili ajaýyp boljakdygyny görkezýär. Sanly ykdysadyýete geçmek, elektron hyzmatlaryň gerimini giňeltmek - bular häzirki döwrüň esasy häsiýetli aýratynlyklarydyr.

Talyp ýaşlar hökmünde biz bu özgerişleriň merkezinde durýarys. Informasion tehnologiýalar, robototehnika, emeli intellekt ýaly ugurlar boýunça alýan bilimlerimiz bize geljekde döwlet dolandyryşynda we önümçilikde netijeli işlemäge mümkinçilik berer. Biz ýurdumyzyň her bir künjeginde gurlan döwrebap binalara, ýokary tizlikli awtobanlara we halkara derejeli desgalara seredip, mähriban Watanymyzyň hakyky "bedew batly" ösüşine guwanýarys. Ösüş diňe bir tehnologiýa bilen çäklenmeýär, ol biziň ruhy dünýämiz we milli mirasymyz bilen hem berk baglanyşyklydyr. Ýaş nesilleriň kalbynda milli gymmatlyklara, ene dilimize, taryhymyza we däp-dessurlarymyza bolan söýgi döwlet terbiýesiniň özenidir.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri biziň üçin durmuş mekdebidir. Biz talyp ýaşlar, häzirki zaman ylymlaryny öwrenmek bilen bir hatarda, öz milli aslymyzy, ruhy köklerimizi hem berk saklamalydygymyza we geljekki nesillere geçirmelidigimize doly düşünýäris. "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýyly her birimiziň öňümizde täze wezipeleri goýýar. Bu ýyl bizi has-da agzybir bolmaga, köp okamaga, döretmäge we Watanymyza wepaly hyzmat etmäge çagyrýar. Biz bagtyýar nesil hökmünde bize berilýän bu mümkinçilikleriň gadyryny bilýäris.

Bilim alýan her bir günümiz, kitaphanalarda geçirýän pursatlarymyz, ylmy barlaglar we täze taslamalar - bularyň hemmesi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine goşulýan kiçijik bir goşantdyr. Biz ynanýarys, ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe gidişi hiç wagt egsilmez. Çünki biziň Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly parasatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz ýaly Milli Liderimiz bar. Milli bilim ulgamymyzy dünýä derejesine çykaran, biziň bagtyýar ýaşlygymyz we geljegimiz barada yzygiderli alada edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumlary elmydama rowaç bolsun! Goý, mähriban Watanymyz Türkmenistanyň şöhraty dünýä dabaralansyn!

Hydyr AMANOW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.