GARAŞSYZLYK — GUWANJYMYZ

23-09-25

Ata Watanymyzda bagtyýar halkymyz özüniň asyrlarboýy ýüregindäki arzuw-umytlarynyň, erk-islegleriniň amala aşmagyna, milli ruhunyň dabaralanmagyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän her bir döwletli başlangyçlaryny dili senaly, il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmegi hormatly Prezidentimiziň belent ynsanperwerlik duýgularyndan, öz mähriban halkyna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Döwletiň Garaşsyz bolmagy şol ýurduň halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejelere çykyp bilýänliginiň alamatydyr.

Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur durmuş tejribesini, dury pähim-parasadyny hem-de halkyň durmuşa okgunly güýjüni döwletimiziň rowaçlyklaryna we şöhratly ösüşini amala aşyrmaga gönükdirmegi netijesinde ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi. Ösüşlere, özgerişlere baý bolan ata Watanymyzyň agzybir halky her ýyl däp bolşy ýaly, bu ýyl hem Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny uly ösüşler, öňegidişlikler bilen garşylaýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary derejededigini, asudalygyň, abadançylygyň, agzybirligiň sarsmaz sütüniniň bina edilendigini aýdyň alamatlandyrýar.

Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik üns merkezinde durýan halkymyzyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek babatda belent sepgitleri eýeledi.

Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Merdana halkymyz Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Milli döwlete eýe bolup, dünýäniň syýasy-ykdysady giňişligine çykyp, halkara gatnaşyklary ýola goýan türkmen halkynyň 34 ýylda ýeten sepgitleri örän buýsandyryjy belentlige eýe boldy. Garaşsyzlygy berkitmek, döwlet, jemgyýetçilik gurluşlaryny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan ägirt uly taryhy wezipeler öz miwelerini hem eçilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň ykbalyny göterdi, Watanymyzy ähli ugurlarda okgunly ösüşi bilen täze belentliklere ýetirdi. Eziz Diýarymyzyň mukaddes ýaşyl Tugy türkmen döwletiniň berkararlygynyň, abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, agzybirliginiň nyşany hökmünde dünýäniň ýüzünde buýsançly parlaýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Garaşsyz döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Şeýle bagty halkyna bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýan türkmen halkymyzyň her bir güni toý-baýrama beslensin!

Mähriban MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyñ direktorynyñ okuw işleri boýunça orunbasary.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.