Sagdyn ýörelge — sagdyn jemgyýet
06-05-26
Beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde edilýän aladalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orna eýedigini aýdyň görkezýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda täze saglygy goraýyş merkezleri, döwrebap hassahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Saglyk ruhubelentligiň çeşmesi hasaplanýar. Ilatyň saglygy döwletiň kuwwatynyň esasy görkezijileriniň biridir. Şu jähetden, halkymyzyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän häzirki zaman lukmançylyk merkezlerinde, saglygy goraýyş desgalarynda adamlara lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramaga, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin sport hereketlerini wagyz etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Netijede, milli saglygy goraýyş ulgamynda ýokary netijeler gazanylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de bu günki günde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. Uly ösüşlere eýe bolýan milli saglygy goraýyş ulgamynyň özeni bolan lukmançylygyň edep kadalaryna hem aýratyn üns berilýär.
Lukmançylyk edep kadalary (deontologiýa) — bu lukmanyň öz kärine, näsaglara, kärdeşlerine we jemgyýete bolan garaýşyny düzgünleşdirýän ahlak ýörelgeleriniň toplumydyr. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda bu kadalar ýokary ahlaklylyk, adamkärçilik we hünär ussatlygy bilen berk baglanyşyklydyr.
Lukmançylyk edep kadalarynyň esasy ýörelgeleri:
- Näsaga wepalylyk: Her bir lukman näsagyň saglygyny hemme zatdan ýokary goýmaly, oňa ýardam bermäge borçludyr.
- Lukmançylyk syry: Näsagyň keseli, şahsy durmuşy baradaky maglumatlar lukmançylyk syry hasaplanýar we hiç kime mälim edilmeli däldir.
- Adalatlylyk we deňlik: Lukman jynsyna, milletine, sosial ýagdaýyna garamazdan, ähli näsaglara deň we adalatly çemeleşmelidir.
- Kärdeşlik hormaty: Lukman öz kärdeşlerine hormat goýmaly, zerur bolanda kömek bermeli we hünär derejesini ýokarlandyrmaly.
- Gümanizm (Adamkärçilik): Näsaga rehimdarlyk, mähirli çemeleşmek we onuň gorkusyny aýyrmak.
Lukmanlaryň berjaý etmeli düzgünleri:
- Ýokary jogapkärçilik: Öz işine jogapkärli çemeleşmek we hünär taýdan kämilleşmek.
- Dogruçyllyk: Näsaga we onuň dogan-garyndaşlaryna ýagdaý barada dogry maglumat bermek.
- Gyssagly kömek: Kyn ýagdaýda ýa-da gyssagly kömege mätäçlere derrew ýardam bermek.
- Arassaçylyk we sanitariýa: Bejeriş edaralarynda gigiýena we sanitariýa düzgünlerini berk berjaý etmek.
Bu kadalar lukmançylyk işgärleriniň özara gatnaşyklaryny we näsaglar bilen gatnaşygyny düzgünleşdirip, saglygy goraýyş ulgamynyň abraýyny goraýar.
Ýeri gelende, häzirki wagtda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň, olary bejermegiň öňdebaryjy usullarynyň amaly lukmançylyga ornaşdyrylýandygyny, şunda ösen sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýandygyny bellemek gerek. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň yzygiderli amala aşyrylmagy bolsa halk bähbitli işleriň oňyn netijesidir.
Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Allamyrat GALANDAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyn Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.