ÝAŞ HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK – MEKDEBIŇ BAŞ WEZIPESI
29-08-22
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ösüp gelýän nesle bilim-terbiýe bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ulgamyň işini kämilleşdirmekde durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler özüniň gowy netijesinem berýär. Aýratynam, orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde, olary ylmy işlere höweslendirmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine uly orun degişlidir..
Her ýylyň sentýabr aýynyň 1-inde döwlet derejesinde geçirilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hemişe uly dabara beslenip, şatlyk-şowhun we baýramçylyk esasda bellemek däbe öwrüldi. Şol sanda biziň bilim ojagymyz bolan Aşgabat şäheriniň merkezi bölegindäki Türkmen döwlet maliýe institutynda hem bu baýram uly dabara beslenýär. Şeýle pursatlar «Bagtyýar döwrüň talyby» diýen belent ada mynasyp bolan müňlerçe ýaşlaryň ilkinji gezek ýokary okuw mekdebiniň gapysyndan ätleýän pursatlary bilen sazlaşyp gidýär.
Institutda ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary derejeli mugallymlar bilim berýärler: ykdysady ylymlaryň kandidatlary, ykdysady ylymlaryň kandidatlygyna dalaşgärler we ýokary derejeli mugallymlar. Olar okuw prosessini we döredijilikli ylmy işleri alyp barýarlar. Mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işleri we makalalary yzygiderli metbugatda çap edilýär. Mugallymlar hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe ykdysady okuwlara we seminarlara gatnaşýarlar. "Halkyň Arkadagly zamanasy" ýylynda institutymyzyň mugallymlary we talyplary Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň toýuna barýarlar. Toýa sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän mugallymlarymyzdyr talyp ýaşlarymyz ýeňişli menzillere ynamly gadam urýarlar.
Ýurdumyzyň geljegi bolan biz ýaşlaryň watansöýüji, işine ökde, hemmetaraplaýyn taýýarlykly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy iş tejribesini ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmäge, tutus bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi ýaşlarda bilim almaga bolan höwesi artdyrýar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan talyplaryň saýlap alan ugrundan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin dynuwsyz tagalla edilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen otaglarda okuwlar täsirli guralýar. Has anygy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ony ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek maksady bilen, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanýandygyny, okuwlaryň kämilleşdirilýändigini görmek has ýakymly bolýar.
Aýnabat MÄTJANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe menejmenti hünäriniň 941-nji toparynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.