Ynsan saglygy - döwletiň iň gymmatly baýlygy
15-05-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler bolsa her birimizi buýsandyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ynsan saglygyny goramagyň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegi diňe bir özümiz däl, eýsem, ýakynlarymyzyň arasynda hem wagyz etmäge çalyşmalydyrys. Hereketde bolmak, ýagny sport bilen meşgullanmak, ýöremek, maşklary ýerine ýetirmek, şeýle-de sagdyn iýmitlenmek, pasla görä geýinmek — bularyň ählisi saglygymyzy goramak üçin möhümdir.
Her pasylda bolşy ýaly, dowam edýän yssy günlerde kesellerden goranmak, pasla görä geýnip, sagdyn iýmitlenip, saglyk ýagdaýyňy durnukly saklamak esasy wezipedir. Şonuň üçin yssyda ýerine ýetirilmeli düzgünleri hemmämiziň bilmegimiz gerek.
Tomus paslynyň gelmegi bilen Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goranmak, uzak ýola gidilende arassa agyz suwuny alyp gitmek, nah matadan tikilen egin-eşikleri, başgap geýmek, ýaglyk örtünmek, Günden goraýan äýnek dakynmak we saýawan götermek maslahat berilýär.
Bu pasyl ynsan saglygy üçin örän peýdaly gök, bakja we miwe önümleriniň bişýän döwri. Şonuň üçin gök önümler iýlende, olary akar suwda gowy ýuwmak, işdäaçarlar taýýarlananda, ýörite aşhana gurallaryny ulanmak zerur hasaplanýar.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Iş ýerleriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanyň! Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmek has peýdalydyr. Gan basyşyňyzy we ganyň düzümindäki süýjüligi elmydama gözegçilikde saklasaňyz, saglygyňyz üçin has peýdalydyr.
Tomus paslynda hem Witamin С — askorbin turşusyna baý bolan önümleri köpräk iýmek maslahat berilýär. Şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri ürç edip iýmekden saklanmagy başarmaly. Gök önümleri we miweleri iýmek sagdynlygyňyz üçin bähbitlidir. Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyna ünsli boluň! Kakadylan miweleri maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp iýiň, olaryň mikroelementlere baý önümlerdigini unutmaň!
Günüň dowamynda 2 litre çenli suw içmek ýerliklidir. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny dogry we doly berjaý ediň, olary söwda merkezlerinden satyn alyň, öý şertlerinde talabalaýyk saklaň we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamagy we ulanmagy unutmaň! Öý şertlerinde azyk önümleriniň gaplanýan wagty, gaplama usullarynyň arassaçylyk talaplaryny berk berjaý ediň!
Howuzlarda we deňizde suwa düşülende hökman suwa düşmegiň tertip-düzgünlerini berk berjaý etseňiz, hem saglygyňyz, hem howpsuzlygyňyz üçin bähbitlidir. Möwsümleýin döreýän keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Şu düzgünleri berjaý etmek bilen biziň her birimiz köp babatda öz saglygymyzy gorap bileris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.