MILLILIGE ÝUGRULAN MUKADDES BAÝRAM
22-05-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy bolup, bu mukladdes sene adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paý¬laýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen öňe - beýik geljege sary ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmu¬şymyza täze öwüşgin çaýýar.
Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däpdessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar. Türkmen halkymyz Gurban baýramynyň üç günläp dowam edýän günlerinde agzybirlik bilen, bu nurana baýramçylygyň şanyna öz dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň we goňşularynyň öýlerine myhmançylyga barýarlar, özleri hem myhmanlary kabul edýärler.
Her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmen Diýarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna sadakalar berilýär, ýagşydan-ýagşy doga-dilegler edilýär. Gudraty güýçli Allatagalanyň şanyna, parahat we döredijilikli durmuşyň şanyna aýat-töwir okalýar. Mukaddes baýramyň hormatyna paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda dürli öwüşgindäki şowhunly-dabaraly çäreler geçirilýär.
Hemme ýerde, şol sanda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň seýilgählerinde, medeni hem-de dynç alyş merkezlerinde bu baýram mynasybetli oturdylan beýik hiňňildikleriň ýany aýratyn köp adamly bolýar. Bu hiňňildikler Gurban baýramynyň aýrylmaz milli nyşany bolup durýar, munuň özi beýleki musulman halklarda duş gelmeýär. Bu owadan däp ajaýyp baýramçylyga gaýtalanmajak milli öwüşgin çaýýar. Halk ynanjyna görä, gurbanlyk günlerinde hiňňildiklerde uçan adam ähli günälerinden saplanýar. Hiňňildikleriň ýanynda guralan ýörite sahnalarda meşhur aýdymçylary, halk döredijiligi we tans toparlary çykyş edýärler. Bu ýere aýratyn hem agşamlaryna toplum bolup gelýän adamlaryň ýüzünde şatlyk we ruhubelentlik nur saçýar, olaryň ýürekleri bolsa Watanymyz üçin, parahatçylyk we abadançylyk üçin buýsanç duýgusyna beslenýär.
Gurban baýramy ähli musulman halklarynyň mukaddes baýramydyr. Ata- babalarymyz bu baýrama aýratyn uly ähmiýet beripdirler hem-de ony giňden belläp geçipdirler. Musulman dünýäsiniň esasy baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramy hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza tutmak ybadaty tamamlanandan soň, 71-nji günde başlanýar. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däpleri mynasyp dowam etdirilýär.
Gurbanlyk baýramçylygy sözüň doly manysynda, ynsan kalbyny tämizleýär, adamlary birek-birege mähriban edýär, agzybirlige çagyrýar. Bu baýram ynsanlary birek-birege has ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, jebisleşdirýär.
Gurban baýramy ata-babalarymyzyň iň mukaddes däpleriniň berjaý edilýän baýramlarynyň biri bolup, onda ynsana hormat goýmak, özgelere ak ýürekli garamak, ejizleri goldamak, hal-ahwalyny soramak, olara howandarlyk etmek, ýeri gelende mertligi, ýagşylygy we haýyr sahawatlylygy başarmak ýaly ajaýyp häsiýetler jemlenýär. Gurban baýramy günlerinde-de köňüller päklenip, milli däplerimiz çuňňur mana eýe bolýar.
Görnüşi ýaly, Gurban baýramy has irki döwürlerden bäri halk baýramy hökmünde meşhur bolup, oňa gadymy Oguz ýörelgeleri, ahlak-edep, pähim-parasat ýakymlylygy siňdirilipdir. Şeýdibem, ol halkyň söýgüli baýramyna öwrülip gidipdir. Ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem bu baýramçylyk döwlet derejesinde has dabaraly, şowhunly, dynç alyş günleri bilen bellenilýär, gurbanlygyň gadymy däp-dessurlary döwrebap öwüşginlerde baýlaşdyrylýar. Goý, berýän sadakalaryňyz we okan aýat-töwirleriňiz Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, eziz ildeşler!
Maýsa REJEPOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň dosenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.