Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

25-05-26

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.

Ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüş babatda dünýäniň ýokary depgin bilen ösýän döwletleriniň hatarynda. Ykdysady we syýasy bähbitleri gazanmak, ykdysady özbaşdaklygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda möhüm işler durmuşa ornaşdyrylýar. 

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylýan döwründe döwlet syýasatynda, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň durnukly ösüşine uly orun berilýär. Alymlaryň belleýşi ýaly, bazar gatnaşyklary şertlerinde halkyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek döwlet kadalaşdyryşy bolmazdan mümkin däldir. 

Durmuşa gönükdirilen syýasat ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy gazanmaga, şeýle hem ilatyň goldawa mätäç böleginiň durmuş kepilliklerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Eneligiň we çagalygyň durmuş taýdan goldanylmagy döwletimiziň aýratyn ileri tutýan ugry bolup durýar. Türkmenistanda öz-özüne hyzmat etmek mümkinçiligini doly ýa-da bölekleýin ýitiren adamlara durmuş taýdan hyzmat etmäge uly üns berilýär. 

Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy üçin zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işini öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda sanlylaşdyrmagyň uly durmuş-ykdysady ähmiýeti bar. Ilatyň durmuş goraglylygy ulgamyny ösdürmek syýasaty maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Durmuş taýdan goraglylyga şeýle çemeleşme jemgyýetiň ösüş mümkinçiliklerine çuňňur düşünmäge, bu ugurda öňde durýan wezipelere aýdyň göz ýetirmäge we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýanyň maksatlaryna laýyklykda, durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş pudaklarynyň işine iň gowy tejribäni ornaşdyrmagyň netijesinde ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işini döwrebap we ýokary derejede guramak babatda täze mümkinçilikler döredilýär. 

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» tassyklanmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşini, uzak möhletleýin geljegini nazara almak bilen, ilatyň abadan durmuşy üçin ygtybarly binýadyň döredilmegini şertlendirdi. Şeýle syýasatyň ileri tutulmagy döwrebap sanly ulgamy döretmek we ösdürmek, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine täzeçil usullary, sanly hyzmatlary, intellektual ulgamlary ornaşdyrmak, olaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyk getirmek, raýatlaryň durmuş goraglylygyny sanlylaşdyrmak babatda uly mümkinçilikleri döredýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Oguljahan GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.