Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
25-05-26
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Türkmenistan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen, Türkmenistanyň Prezidentiniň derwaýys başlangyçlaryndan gelip çykýan, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan daşary syýasatyň ösdürilmeginde ileri tutulýan uzakmöhletleýin we gysgamöhletleýin maksatlaryň hem-de wezipeleriň nazarda tutulmagynda hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy dowam edýär.
Türkmenistan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek we parahatsöýüjilik hem-de naýbaşy ynsanperwer gymmatlyklaryň ileri tutulmagy ýaly belent maksatlara eýermek bilen, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň Hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara giňişliginde ýaýmak, daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly ösüşe hem-de halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna ýardam bermek ýaly esasy wezipeleri ýerine ýetirimekden ugur alýar.
Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy maksatlary bolan halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam bermek, dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny güýçlendirmek, halkara gatnaşyklary ulgamynda döwletimiziň milli bähbitlerini yzygiderli goramak ýaly belent maksatlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň öňünde howpsuzlygynyň toplumlaýyn we ygtybarly ulgamyny üpjün etmek, ýurduň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek, şeýle-de Türkmenistanyň Hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine gyşarnyksyz eýermek bilen, halkara parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek ýaly wezipeler durýar.
Türkmenistan sebitde, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýär we dostluk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge tagalla edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda dürli görnüşdäki hyzmatdaşlyk formatlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga işjeň goşant goşýar. Syýasy-diplomatik, ykdysady, söwda, ýangyç-energetika we ekologiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman usullaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara guramalar bilen bir hatarda «Merkezi Aziýa + 1» formatlaryň, şol sanda, «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi», «Merkezi Aziýa - Russiýa», «Merkezi Aziýa - ABŞ», «Merkezi Aziýa - Hytaý», «Merkezi Aziýa - Hindistan» «Merkezi Aziýa - Ýaponiýa», «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» dialoglarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär.
Türkmenistan 54 sany abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hem-de işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, deňagramly hem-de birleşdiriji häsiýete eýe bolan global gün tertibiniň döredilmegine goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň we beýleri halkara düzümleriň durmuşa geçirýän maksatnamalaryny, meýilnamalaryny we taslamalaryny maksatlaýyn ugurlara gönükdirip ulanmak işini giňden ýola goýmak bilen, hereket edýän halkara şertnamalar hem-de konwensiýalar boýunça öz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge wajyp wezipeler hökmünde garaýar.
Türkmenistan halkara bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde hem-de öz bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerledýär hem-de «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä pugta eýerýär. Şu nukdaý nazardan, ýurdumyz umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça işleriniň ählumumy ykrar edilmegi ugrundaky çäreleri işjeňleşdirmek, halkara gatnaşyklarynda «güýç ideologiýasynyň» ýaýradylmagyna we ykrar edilmegine syýasy-diplomatik taýdan yzygiderli garşy durmak, halkara gapma-garşylyklary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli usuly hökmünde diplomatik gepleşikleri ykrar etmek ýaly garaýyşlardan ugur alýar.
Türkmenistan BMG-niň adamzat ýaşaýyş-durmuşynyň goragynyň üpjün edilmegini, adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň kepillendirilmegini, syýasy-ykdysady çökgünligiň öňüniň alynmagyny, ýurtlaryň ösüş çygryndaky gazananlaryna hormat goýulmagyny gazanmak ugrundaky tagallalarynyň berkarar bolmagyna hem-de häzirki zaman wehimleriň we howplaryň öňüni almaga, olaryň täsirini peseltmäge gönükdürilen çäreleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Habib HALMAMEDOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.