GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
25-05-26
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Hoşniýetlilik, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynsanperwer ýörelgelerine daýanyp, ýurtlaryň umumy taryhyny, halklaryň dost-doganlyk däplerini gorap saklamaga we dowam etdirmäge ygrarlylygy-da Arkalaşygyň häzire çenli üstünlikli hereket etmeginiň, dünýä syýasatynda täsirli guramalaryň birine öwrülmeginiň düýp sebäbi bolup durýar.
GDA gurşap alýan ugurlarynyň giň gerimi, hyzmatdaşlyk etmegiň örän köp görnüşlerini hödürleýändigi bilenem tapawutlanýar. Guramanyň çäginde döredilen 90-a golaý düzüm, şol sanda pudaklaýyn edaralaryň 65-si agza ýurtlara özüne bähbitli islendik ugurda özara gatnaşyk edip, onuň çäginde ornuny tapmaga mümkinçilik berýär. Demirgazyk buzly, Atlantik we Ýuwaş ummanlara çykalgasy bolan, Gündogar Ýewropanyňdyr Demirgazyk Aziýanyň uly bölegini öz içine alýan Arkalaşygyň giňişligi söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, senagat, infrastruktura ýaly ugurlarda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertlere eýedir. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşi bolsa hut ykdysady, durmuş we gyzyklanma bildirilýän beýleki ulgamlarda agza ýurtlaryň ýerine ýetiriji häkimiýetleriniň özara gatnaşyklaryny utgaşdyrmaga ýöriteleşen düzümdir. Geňeşiň nobatdaky Aşgabat duşuşygynda-da, esasan, ykdysady ugurlarda bilelikdäki hereketleriň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bu mejlisiň gün tertibinde jemi 12 sany meselä garalyp, degişli çözgütleriň kabul ediljekdigini habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň 13-nji maýda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi we Daşary işler ministrligi tarapyndan bu möhüm çäräni ýokary guramaçylykda geçirmek babatda degişli işler alnyp baryldy. Şunda iki ýyl mundan ozal hem paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň guralyp, onda uzak geljegi nazarlaýan resminamalaryň, şol sanda Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigini nygtamalydyrys. Şonda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Aşgabat duşuşygynda kabul edilen uzak möhletli resminamalaryň Arkalaşygyň diňe öňe tarap hereket edýändigini alamatlandyryp, geljekde onuň köptaraply düzüm hökmünde diňe bir saklanyp galman, işiniň has-da ilerlejekdigine, kämilleşjekdigine ynamy artdyrýandygyny belläpdi. Halkara syýasatdaky häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda, daşyndan edilýän emeli täsirleriň barha artýan şertlerinde dostlukly ýurtlaryň jebisligini berkitmek, geosyýasy we geoykdysady üýtgeşmeleriň ýüze çykarýan kynçylyklaryny mümkinçiliklere öwürmek arkaly halklarymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak esasy zerurlyk bolmagynda galýar.
Bilşimiz ýaly, 2015-nji ýylda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Duşenbe sammitinde kabul edilen çözgüt esasynda Türkmenistan 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne aldy. Şunlukda, bilelikde çözülmeli wezipeleriň gerimine doly derejede düşünmek bilen, Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy.
Konsepsiýa laýyklykda, syýasy ulgamda döwletimiziň işi sebitleýin howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmäge, parahatçylykly dialog, özara düşünişmek üçin meýdança hökmünde GDA-nyň ornuny berkitmekde diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirildi. Şeýle-de ýurdumyz öz başlyklygyny ykdysady, ulag, energetika hyzmatdaşlygyna degişli başlangyçlary ilerletmek ugrunda maslahatlar geçirildi
Türkmenistan 2012-nji, 2019-njy ýyllarda-da GDA-da başlyklyk edip, bu jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetiripdi. Şolaryň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabatda sammitlerdir ýokary derejeli duşuşyklaryň, Diýarymyzyň çar künjeginde forumlardyr medeni çäreleriň ençemesi üstünlikli geçirilip, millionlarça adamyň ykbalyna täsir edýän oňyn çözgütler, möhüm resminamalar kabul edilipdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza hökmünde gatnaşýan bolsa-da, Bitarap ýurdumyzyň bu düzümiň işine işjeň garylyp-gatylýandygyny, iri çäreleri nusga alarlyk derejede guramak ukybyna eýedigini aýdyň görkezen şol derejeli wakalar döwletara gatnaşyklaryň taryhyna şanly sahypalar bolup ýazyldy.
Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna beslenýän ýylda-da ata Watanymyzyň bu abraýly gurama mynasyp başlyklyk edip, ynsanperwer halkara gatnaşyklary has-da ösdümäge uly ädim ätdi. GDA-nyň giňişliginde hoşniýetli goňşuçylygy, giň gerimli hyzmatdaşlygy berkitmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Melika ANNAMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.