ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

25-05-26

Ynsanyň jan-saglygy iýmite we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler. Geçen şöhratly taryhy ýolunda pederlerimiz her bir adamyň özüni alyp barşynyň ulgamyna janly tebigaty gorap saklamagyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň pugta ornaşmagyny  gazanypdyrlar.

Elbetde özümizde önýän ekologiýa taýdan arassa önümler bilen iýmitlenmek her birimiziň saglygymyz üçin örän möhümdir. Kadaly iýmitlenişiň saglygy goramakda we keselleriň öňüni almakda aýratyn orny bar. Sagdynlygyň sakasy bolan sagdyn iýmitlenmek bu iýmitiň düzümine, iýmit rejesine, iýmitlenişiň şertlerine bolan talaplara baglydyr. Adam tarapyndan kabul edilýän iýmitler dürlüligi bilen tapawutlanýar, ýöne hiç bir iýmit adam bedenini onuň talap edýän ähli ýokumly maddalary bilen üpjün edip bilmeýär. Adam bedenine gerek bolan ýokumly maddalaryň köp mukdary ösümliklerde we olardan alynýan önümlerde jemlenendir.

Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasatynyň özenini düzýän sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmeginde kadaly iýmitlenmek babatda güneşe baý ülkämizde Gün nuruny örän bolluk bilen eçilensoň sahawatly topragymyzda bitýän gök we bakja önümleriniň ählisi-de dertlere dermanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar.

Saglygy goramak üçin arassaçylyk, işjeň hereket, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtyna kadaly dynç almak bilen birlikde ruhuňy belentde tutmak, kalby päklik hem zerur bolup durýar. Durmuşymyzyň her bir pursadyny maksatly işlere sarp etmek, şol üstünliklerimizden lezzet almak hem ömrümizi gözelleşdirýär, şeýle-de, saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň görkezmelerini we halkara kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlamak we keselleriň öňüni almak, ekologiýa we arassaçylyk talaplary pugta berjaý etmek, ýurdumyzda azyk önümçiliginiň, tebigy howa şertlerinde sagdyn iýmitlenmegiň görnüşlerini we usullaryny ylmy taýdan öwrenmek babatda gysga döwürde uly işler amala aşyryldy. Pasyllaryň çalyşmagy bilen adam bedeninde belli bir derejede täsirler duýulýar.

Häzirki wagtda howanyň ýagdaýyna seljerme geçirilmäniň netijesinde, howada tozanyň agdyklyk edýändigi sebäpli adamyň saglygy üçin, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyz ýagdaýlaryň döreýändigi hemmämize mälimdir. Howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek we howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynda, bazarlarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we beýleki ilata hyzmat edýän edaralarda raýatlarymyz dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdelerini, ýagny agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar. Şeýle-de, allergiýa we dowamly keselleri bolan adamlara hem öňüni alyş serişdeleri ulanmaklyk maslahat berilýär.

Saglygy goramak hem berkitmek üçin ilki bilen şol barada dogry düşünjäniň bolmagy gerek. Kämil düşünje esasynda saglygyň näderejede gymmatlydygyna we ony berkitmegiň ýollaryna göz ýetirip bolýar. Bu bolsa öz-özünden döremeýär. Sözümiziň başynda hem aýdyşymyz ýaly, akyl hem saglyk iň uly baýlyklardyr.  Bu iki düşünje bir-biriniň üstüni ýetirýär. Kitaplar, kämil bilim, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgeleri saglygy goramagyň ýollaryna belet bolmaga ýardam berýär.

Halkymyzyň saglygyny berkitmäge, dürli keselleriň öňüni almaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýän, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

Gözel KEKILOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Deri weneriki keseller kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.