GARAŞSYZLYK — BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

17-09-24

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda owazasy dünýä dolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen halkynyň ykbalyny göterdi, Watanymyzy ähli ugurlarda okgunly ösüşi bilen täze belentliklere ýetirdi. Bagtyýarlyk döwrümizde toýlanýan toý-baýramlar hem ählihalk joşguny bilen garşy alnyp, şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Garaşsyzlygyň datly miweleri hakyndaky söhbetler bu günki gün halkymyzyň aýdyň ertirlere bolan mizemez ynanjyny has-da berkidýär. Türkmen halky öz garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, milli ýörelgelerine aýak diräp, häzirki zaman jemgyýetinde saldamly işleri nazarlaýan täze bir dünýägaraýşa, täze bir aňyýete eýe boldy.

Milli gymmatlyklardan ugur alýan Türkmenistan döwletimizde jemgyýetiň durmuşynda bolup geçen ähli özgerişler milletiň, umumadamzadyň bähbidine gönükdirilendigi bilen dünýä doldy. Indi däp bolşy ýaly, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň döwletlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň beýanyna öwrülýär. Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda orun alan islendik meseläni halk bilen geňeşip çözmek ýaly ajaýyp häsiýetleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem täzeçe many-mazmuna eýe bolýar. Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, döwletimiziň hakyky halk häkimiýetliliginiň gadymdan gözbaş alýan milli däplerini, saýlanyp alnan parahatçylyk we döredijilik ýoluny mynasyp dowam etdirýändiginiň subutnamasydyr. Garaşsyzlyk arzuwlaryň wysaly, bagtyýarlygymyzyň gözbaşy. Bu şanly senäniň öň ýanynda bellenilýän Halk Maslahaty bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň, maksat edinilýän döwletli tutumlaryň, bir supra jem bolmagyň aýdyň ýüze çykmasy. Halk Maslahatynda döwletimiziň ähli pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler hakynda gelinýän netijeler bolsa bagtly günleri nazarlaýan aýdyň ertirlerimiziň güwäsi.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda beýleki pudaklar bilen birlikde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem belent sepgitlere ýetildi. Ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebap ýagdaýa getirmäge, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalar taýýarlandy we üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi multimodal gatnawlary utgaşdyrýan iri logistik merkezleri döretmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda utgaşdyrylan awtomobil, demir ýol we deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen döwletimiziň we goňşy ýurtlaryň öňünde dünýäniň ulag arenasyna çykmaga giň mümkinçilikler açyldy.

Aragatnaşyk pudagynyň üpjünçilik ulgamlary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Halk hojalygynda iň kämil aragatnaşyk, sanly telewideniýe hem-de Internet ulgamlary giňden ulanylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurda amala aşyrylan işler sanardan kän. Bu ýyllarda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk kuwwaty ýylsaýyn ösdürilip, ýurt bedew bady bilen öňe ilerledi. Esasy bellemeli zatlaryň biri bolsa ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk pudagynda hem iň häzirki zaman ösen tehnikalar we tehnologiýalar ornaşdyrylyp, sanly ulgama geçilmegidir. Bularyň ählisiniň sakasynda hem halkymyzyň abadan durmuşy hakynda edilýän aladalar durandyr.

Bu günki gün türkmen halkymyz Garaşsyz döwletimiziň bagtyýarlyk nuruna çaýylan ruhubelentligi bilen kalbynda beýik ynamy, egsilmez ruhy güýji besläp, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny toýlamaga uludan taýýarlyk görýär. Döwletimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenlerimiz özleriniň gowudan-gowy sowgatlary, Diýarymyzyň ösüşlerine goşýan şahsy goşantlarydyr zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyzlyk baýramyna barýarlar. Muňa ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde pudak ýolbaşçylary tarapyndan degişli ugurlar boýunça amala aşyrylan işler we geljekki wezipeler hakynda berlen hasabatlaryň jemleri hem şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa pudagynda döwrebap häzirki zaman ulag düzüminiň we kommunikasiýalar ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýardam edip, daşary ýurtly iri halkara kompaniýalary tarapyndan yzygiderli maýa goýumlaryň goýulmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda bolup geçýän özgertmeler, döredilýän logistiki merkezler, ulag-üstaşyr geçelge ýakyn geljekde ulag hyzmaty bazaryny giňeltmäge mümkinçilik berer. Ol işler halkara ulag-üstaşyr geçelgeden peýdalanýan ýurtlaryň alyp barýan daşary ykdysady syýasaty, marketing üpjünçiligi bilen berk baglanyşykly bolar.

Umuman, Türkmenistan Diýarymyzyň möhüm yklymara ulag merkeze öwrülmegi bilen baglanyşykly uly geljegi bar. Geljekde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara ähmiýetli meýilnamalardyr maksatnamalar hem bu ugruň ösüşli menzilleriniň ilerlejekdiginden habar berýär. Eziz Diýarymyzyň toýlary toýlara ulaşsyn, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Alymerdan AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Logistika hünäriniň "A" toparynyň 3-nji ýyl talyby.

16a8e7eb3e1b9d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16a8d24e3d2dc1.png
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär

“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.


16a8d23daec649.png
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy

Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.


16a8bde13d0a33.jpeg
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


16a8bdc1c5aca6.png
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler

Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.