Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak — döwrümiziň talaby
15-11-24
Döwür barha özgerýär, ylmyň hem tehnologiýanyň ösmegi bilen jemgyýetçilik durmuşy hem täze derejelere göterilip, ähli ulgamlardaky işleriň alnyp barlyşyna täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň dünýä tejribesini özleşdirip, tehnologiýalaryň esasynda ýeňillikli işleri ýola goýmagy hem milli Liderimiziň tagallasy bilen esasy wezipeleriň ýerlikli durmuşa geçirilmegidir. Ýurdumyzyň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ykdysady syýasatynyň esasy talaplary bolup durýar.
Tehnologik enjamlaryň has kämilleşmegi bilen ýurdumyzda ähli ulgamlarda tehnologik esasy ornaşdyrmak giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça strategik ähmiýetli wajyp wezipeler kesgitlenýär. Bu wajyp wezipeleriň hatarynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň sanly ykdysadyýete geçmek bilen baglanyşykly öňde goýan wezipelerini iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Mälim bolşy ýaly, konsepsiýada jemgyýetimiziň ähli düzümlerini sanlylaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen işleri üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol wagty we harajatlary tygşytlamak bilen bir hatarda, girdejileriň täze-täze çeşmelerini ýüze çykarmaga-da şert döredýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi, ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen, Internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.
Gündelik durmuşymyzda, işimizde hem-de dürli hili okuw-tejribelik işlerimizde bu ulgamyň hereket etmegi örän giň mümkinçilikleri açýar, wagtymyzy tygşytlamagymyza şertleri döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli intellektual tehnologiýalar (IT) ulgamyny ösdürmek, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek hem-de bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy möhüm wezipeler bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetiň sanly gurşawa bolan ynamynyň artmagyny gazanmakda maglumat we innowasion tehnologiýalaryň kiberhowpsuzlygynyň üpjün edilmegi zerur meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: «Maglumatlaşdyrmak eýýamyna gadam goýan dünýä bileleşiginiň ösüşi bilen aýakdaş gitmek üçin ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamyny düýpli kämilleşdirmek, şol sanda maglumat tehnologiýalarynyň ýokary derejesini, telearagatnaşyk ulgamynyň ösüşini üpjün etmek zerur bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, maglumatlary dolandyrmagyň kämil ulgamyny döretmegiň baş ýoly hem milli Liderimiziň öňe sürýän pikirleriniň durmuşa geçirilmegi bolup durýar.
Häzirki wagtda biziň ýaşaýan maglumatlar jemgyýetimizde önümçilige garanyňda, hyzmatlar ulgamy agdyklyk edýär. Şunuň esasynda hem maglumat tehnologiýalary esasy orun eýelemek bilen, adamlaryň gündelik durmuşynda ýeňillikleri döretmekde hyzmat ediş mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär. Internetiň ýüze çykmagy hem-de global tora elýeterliligiň bahasynyň peselmegi dünýäde hakyky maglumat öwrülişiginiň bolup geçendigini, onuň netijesinde durmuşymyzyň, şol sanda ykdysadyýetimiziň özgerýändigini görkezýär. Häzirki döwürde durmuşymyza yzygiderli ornaşýan, hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegler, internet-söwda, internet-mahabatlandyrma sanlylaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbiridir. Maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň netijesinde sarp edijileriň gymmatly wagtlarynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyny, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegini, kagyza geçirip ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyny-da sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha bermek bolar.
Ylym hem tehnologiýa babatda soňky ýyllarda ýurdumyzyň daşary ýurtlar, şol sanda dünýäniň ösen tehnologiýa kompaniýalary bilen halkara ylmy-döredijilik gatnaşyklary has-da giňedi, bu ugurda häzirki wagta çenli köp sanly işler durmuşa geçirildi hem-de birnäçe ikitaraplaýyn halkara şertnamalaryna gol çekildi. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda amala aşyrylýan işleriň durmuş-ykdysady ösüşler we döwrebap hukuk üpjünçiligi bilen sazlaşykly alnyp barylmagy Berkarar döwletimiziň ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň mäkäm binýady bolup hyzmat edýär.
Jemläp aýtsak, ýurduň ösüş kuwwaty ylym-bilimde, tehnologiýada we bu ulgamlaryň ösüş derejesinde, halkyň bilim derejesinde jemlenýär. Şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň geljekki beýik ösüşlerini göz öňünde tutmak bilen köp sanly il-ýurt bähbitli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bu ulgamlaryň kämil bolmagy, ýaş nesliň başarnykly, zehinli bolmagy üçin zerur şertleriň ählisini döredip berýär. Bu işler häzirki wagtda, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem has belent derejelere göterilýär.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Bibisere SAPAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
ÜSTÜNLIKLER SERGILENDI
Gözel paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 14 – 16-njy apreli aralygynda geçirilen «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty guraldy. Sergide degişli ministrlikleriň, hususy jemgyýetleriniň we daşary ýurt iri kompaniýalarynyň pawilýonlarydyr diwarlyklary ýer aldy.
Daşoguz Halkara howa menzili halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Daşoguz Halkara howa menzili elektrik üpjünçilik ulgamyna birikdirmek üçin dürli kuwwatly üznüksiz elektrik üpjünçilik (UPS) enjamlarynyň 12 sanysyny satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
“Belavia” awiakompaniýanyň biletleriniň onlaýn satuwy ýola goýuldy
“Syýahatçy” kompaniýasy Belarus Respublikasynyň “Belavia” awiakompaniýasynyň awiabiletlaryny göni onlaýn satyn almaga mümkinçilik berýän sanly platforma bilen tanyşdyrdy. Täzelenen “TurkmenTourist” mobil goşundysy barada kompaniýanyň wekili çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde duşuşyk guraldy
15-nji aprelde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda Hytaý Halk Respublikasynyň «China Harbour Engineering Company Ltd» kompaniýasynyň resmi wekiliýeti bilen Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri, şeýle hem degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.
TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY PUGTALANDYRYLÝAR
15-nji aprelde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde dostlukly Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang Co. Ltd» kompaniýasynyň prezidenti Chen Zhixiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň, şeýle hem degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlyk maslahaty geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.