Bagtyýar ýaşlarymyz Garaşsyz Watanymyzyň geljegidir

25-09-25

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri dowam etdirilip, olar mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýip, ýaşlara ýüzlenip aýdan sözlerem munuň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar.

Ajaýyp zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz döwrebap ylym-bilim ojaklarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň, medeni-sport toplumlarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanýarlar. Olarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertleriň bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiziň ylymly, bilimli, ruhubelent ýaşlary terbiýelemekde berýän maslahatlary, öňe sürýän parasatly başlangyçlary örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, eşretli şu günümize we nurana geljegimize bolan belent buýsanjy kemala getirmekde edýän taýsyz tagallalarynyň ýerine düşýändigine bolsa, biziň her birimiz şaýat bolup ýörüs.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary ýaşuly nesliň wekili hökmünde biziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Şeýle aladalar ýaşlaryň diňe bir bilim-terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini gazanmak bilen çäklenmeýär. Olar ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklara, halal zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgi döretmek, ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek, jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny goldamak ýaly ugurlary hem öz içine alýar.

Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak baharydyr.

Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasyny düzýär. Ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagyna, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine, ylmyň hem tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösýän döwründe aň-bilim mümkinçilikleriniň, akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan giň möçberli çäreler ýaşlaryň kalbyna merdana ata-babalarymyzyň Watanymyza we halkymyza wepalylyk, milli ruhy-ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, erjellik, maksada okgunlylyk, sagdynlyk, raýatlyk borjuňy berjaý etmek däplerini ornaşdyrmagyny maksat edinýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri, alyp barýan parasatly syýasaty, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri döwür bilen öňe barýan ýaşlary guwandyrýar, buýsandyrýar. Zehinli türkmen ýaşlary dünýä döwletlerinde sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Garaşsyzlykdan başlanýan döwletlilik milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde barha kämilleşýär. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Diýarymyzy durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 34 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan Garaşsyz Diýarymyzy beýik özgerişliklere alyp barýan, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar barada uly aladalary edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň okuw müdiri.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.