BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
15-09-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr. Şu şanly ýylda biz - bagtyýar nesiller, mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygyna, her bir tutumly işiň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýändigine şaýat bolýarys.
Türkmen halky üçin bedew diňe bir at däl-de, eýsem taryhyň dowamynda süzülip gelen medeniýetiň, merdanalygyň we sarsmaz dostlugyň hamyrmaýasydyr. “Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy” diýen pähim türkmen kalbynda bedewe bolan hormatyň nähili belentdigini görkezýär. Behişdi bedewlerimiziň owadanlygy, çydamlylygy we akyllylygy biziň milli häsiýetimiziň - asyllylygyň we päkligiň aýnasy bolup hyzmat edýär. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli seýisçilik sungaty bolsa türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan iň uly hazynalarynyň biridir. Seýisçilik - bu diňe bir aty taplamak däl, eýsem janly sungat eserini döretmekdir. At bilen adamyň arasyndaky sözsüz düşünişmäniň we ruhy bitewiligiň netijesinde, Ahalteke bedewleri dünýäde deňi-taýy bolmadyk görk-göze we tizlige eýe bolupdyrlar.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” ýaly gymmatly eserler, bu seýisçilik mekdebiniň ylmy binýadyny berkidip, ony geljekki nesillere nusga edip galdyrdy. 2026-njy ýylyň her bir güni ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda gazanýan täze sebitleri bilen şöhratlanýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dabaralanmagy, energiýa, ulag we ekologiýa diplomatiýasyndaky ädimleri dünýä döwletleriniň arasynda ýokary baha eýe bolýar. Ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygy, täze gurlan akylly şäherler we sanly ykdysadyýetiň amala aşyrylmagy Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.
Häzirki wagtda dünýäniň iň uly dabaralarynda türkmen bedewiniň we milli at üstündäki oýunlaryň - “Galkynyş” toparynyň görkezýän çykyşlary dünýä jemgyýetçiligini haýran galdyrýar. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň we sportunyň dünýä giňişligindäki abraýynyň bedew bady bilen öňe barýandygynyň subutnamasydyr. Biz - bagtyýar nesiller, mähriban Watanymyzyň dünýäniň parahatçylyk we ösüş merkezi hökmünde ykrar edilmegine çäksiz buýsanýarys. Mähriban Watanymyzyň her bir künjeginde bedewlerimiziň owazy belentden ýaňlanýar. Bu owaz - parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýarlygyň owazydyr. Bedewlerimiziň kişňemesi bizi täze ýeňişlere, täze ösüşlere we täze sebitlere çagyrýar.
Häzirki zaman türkmen ýaşlary üçin bedew - bu tutanýerliligiň we maksadaokgunlylygyň mekdebidir. Biz döwletimiziň gurluşykda, ylymda we bilimde gazanýan her bir üstünliginde şol behişdi bedewlerimiziň okgunlylygyny görýäris. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, biziň döwrebap ylym-bilim almagymyz, sport bilen meşgullanmagymyz üçin döredilýän ähli mümkinçilikler bizi täze ösüşlere ruhlandyrýar. Biz ýaşlar hökmünde, milli mirasymyzy, hususan-da, atçylyk sungatyny gorap saklamagy we ony dünýä ýaýmagy özümiziň mukaddes borjumyz hasaplaýarys. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda her birimiziň bitirýän okuw we jemgyýetçilik işlerimiz Watanymyzyň şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.
Behişdi bedewlerimizi milli buýsanjymyza öwüren, atçylyk sungatyny täze belentliklere göteren we ýurdumyzyň halkara abraýyny dünýä derejesinde taryhy belentliklere çykaran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Siziň parasatly syýasatyňyz netijesinde mähriban Watanymyz Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, dostlugynyň we bagtyýarlygyň nusgasyna öwrüldi. Goý, mähriban Watanymyz Türkmenistanyň bedew bady hiç wagt haýallamasyn! Bedewlerimiz elmydama şanly ýeňişlere we bagtyýar pursatlara hemra bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jahan ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň terjimäniň nazaryýeti we amalyyeti kafedrasynyň mugallymy.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
BAGTYÝARLYGYŇ TÄZE BELENTLIKLERI
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şaýolly taryhynda harby, durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşler yzygiderli täze basgançaklara göterilýär. Biziň mukaddes Watanymyzda her bir ýyly döwrebap, çeňňekli we çeňňeksiz mazmun bilen şöhlelendirmek, milli buýsanjymyzy arşyň belentliklerine galdyrmak asylly ýörelgä öwrüldi.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary bilen başlandy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.