Ýaşlar — aýdyň geljegimiz

19-12-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni türkmen taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda halkymyzyň abadan ýaşaýşy, ýaşlarymyzyň döwrebap şertlerde ylym we bilim almagy ugrunda döwlet derejesinde aladalar edilýär. Şu nukdaýnazardan, eziz Diýarymyzda bolup geçýän her bir taryhy waka halkymyzyň ruhuny belende göterýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz taryhy wakalara beslenýär, buýsandyryjy pursatlary peşgeş berýär. Şeýle buýsandyryjy pursatlar ýaşlarymyzyň hem kalbynda pugta orun aldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, Arkadagly Serdarymyzyň çykyşy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu waka ýaşlar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Bu şanly wakalar diňe bir ýaşlarymyzda däl-de, eýsem, her birimizde buýsanç döretdi. Ýaşlar biziň röwşen geljegimiz, şu günki buýsanjymyz bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesi, olaryň bilimli bolup ýetişmegi ähli ildeşlerimizi gyzyklandyrýar.

Ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi baş wezipeleriň biridir. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, berk bedenli, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de yzygiderli geçireris».

Pähimdar pederlerimiziň döreden ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny ýaş nesilleriň aňyna guýmak, milli ruhly adamlary kemala getirmek asylly terbiýedir. Şeýle milli terbiýäni ýörelge edinýän mugallymlar hem öňlerinde uly wezipäni goýýarlar. Ýaş nesilleri kämil edip ýetişdirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmegine, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmegine mynasyp goşantdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň beýan edýär.

Merdan BAHRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.