GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

15-09-26

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar. Ýurdumyzyň dürli-künjeginde bu beýik senä bagyşlanyp alnyp barylýan taýýarlyklar milliligimizi, bitewiligimizi hem-de döwletlilik ýörelgelerimizi täze basgançaga göterýär.

Şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýen ruhy ýörelgesi halkymyzyň zähmet şöhratyny, döredijilik ylhamyny we belent maksatlaryny özünde jemleýär. At-myradyny tapýan merdana ilimiziň toýa barýan ýoly ýokary guramaçylyk hem-de zähmet ýeňişleri bilen bezelýär. Bedewiň okgunlylygy syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda gazanylýan ösüşleriň tizligini aňladyp, eziz Watanymyzyň durnukly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Her bir watandaşymyz bu şygary kalbyna siňdirip, öz zähmeti we üstünlikleri bilen mukaddes toýumyza mynasyp sowgatly gelmäge çalyşýar.

Ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleri giň göwrümli binagärlik özgerişleri hem-de medeni galkynyşlar bilen utgaşýar. Baýramçylyk günlerinde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän täze ýaşaýyş jaýlary, döwrebap bilim edaralary hem-de saglygy goraýyş edaralary, senagat toplumlary halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Her bir täze gurluşyk desgasy, halkyň hyzmatyna berilýän her bir taslama Garaşsyzlygyň halkymyza peşgeş eden ajap miweleridir. Şäherlerimiziň we obalarymyzyň binagärlik keşbinde emele gelýän baýramçylyk öwüşginleri berkarar döwletimiziň kuwwatyny bütin dünýä aýdyňlygy bilen görkezýär.

Gazanlyýan beýik üstünlikleriň, ýurdumyzda dabaralanýan parahatçylygyň hem-de abadançylygyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň saýlan milli ösüş ýoly hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dowam edýän parasatly içeri hem-de daşary syýasaty durandyr. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ýaş nesilleriň zehinini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler her bir raýatyň ata Watanymyza bolan söýgüsini barha beýgeldýär. Adamy döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan eden milli Liderlerimiziň aladasy her bir öýe, her bir maşgala bollugyny eçilýär.

Türkmenistanyň daşary syýasatynda yzygiderli berkidilýän Bitaraplyk ýörelgeleri bütindünýä giňişliginde parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de dostlugy dabaralandyrýar. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky parahatçylyk söýüji başlangyçlary bütindünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz we baky Bitaraplygymyz sarsmaz goşa ganat bolup, ata Watanymyzy täze belentliklere tarap ynamly alyp barýar.

Taýýarlyk işleriniň çäginde geçirilýän sergiler, ylmy maslahatlar, medeniýet hem-de sungat bäsleşikleri halkymyzyň taryhy mirasyna we döwrebap gazananlaryna bolan çuňňur buýsanjyny dabaralandyrýar. Sazlarda, aýdymlarda we sungat eserlerinde belentden ýaňlanýan millilik öýdümleri ata Watanymyzda, parahat аsmanymyzda ýaşamagyň nähili beýik bagtdygyny subut edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň il-günümiziň abadançylygy baradaky yzygiderli aladalary, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren ynsanperwer ýörelgeleri her bir raýatymyzyň kalbynda tükeniksiz minnetdarlyk duýgusyny döredýär. Biz Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuny agzybirlikde, uly galkynyş we belent buýsanç bilen garşylaýarys. Şanly Garaşsyzlygymyzyň dabaraly toýy gutly bolsun, eziz Watanymyz Türkmenistan baky güllesin, ösüşlere beslensin!

Aýgül ARTYKGURBANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.

16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.


16aa91b542ac3b.jpeg
BAGTYÝARLYGYŇ TÄZE BELENTLIKLERI

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şaýolly taryhynda harby, durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşler yzygiderli täze basgançaklara göterilýär. Biziň mukaddes Watanymyzda her bir ýyly döwrebap, çeňňekli we çeňňeksiz mazmun bilen şöhlelendirmek, milli buýsanjymyzy arşyň belentliklerine galdyrmak asylly ýörelgä öwrüldi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.