Berkarar döwletimizde telekeçiligi ösdürmegiň ähmiýeti

18-09-26

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň pudaklary has-da sazlaşykly ösdürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň kärhanalaryna öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň önümçilikde, dürli ulgamlarda giňden peýdalanylmagy durnukly ösüşe netijeli täsirini ýetirýär. Şeýle öňegidişlikleriň döwlete dahylsyz çygyry bolan hususyýetçilikde-de ulanylmagy Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna itergi berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy gün-günden gülläp ösdürýär. Türkmenistan asudalygyň, parahatçylygyň, päk zähmetiň, telekeçilik işine berilýän goldawyň mekany hökmünde bellidir.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde telekeçilik işine we daşary söwda gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Dünýäde telekeçilik işine daýanyp, uly ykdysady üstünlikler gazanan ýurtlar az däl. Mysal üçin, ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa, Italiýa, Hytaý ýaly ýurtlar üçin telekeçileriň önümçilik işi daşary söwda gatnaşyklarynyň gülläp ösmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan üçin telekeçiligi we daşary ykdysady işi ösdürmegiň ähmiýeti has uludyr. Bu pudagyň ösmegine ýurtda uly üns berilýär. Daşary ykdysady işiň ösmegi ýurduň eksport, import mümkinçiliklerini amala aşyrmagy, daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelmegini, halkara karzlaryň alynmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, telekeçiler daşary ykdysady işiň amala aşyrylmagynda, aýratyn hem, daşary söwda gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmekde hem-de ýurduň milli ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm rol oýnaýarlar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» hem telekeçilik işiniň, eksporty artdyrmagyň we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenen.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň işi, eksportyň möçberi we eksport harytlaryna dünýä bazarlarynyň nyrhlarynyň üýtgemegi makroykdysady görkezijileriň, ilkinji nobatda, hereket edýän nyrhlarda jemi içerki önümiň, Döwlet býujetiniň girdejileriniň, ykdysadyýetde gazanylan peýdanyň ösüşine düýpli täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga, täze, döwrebap durmuş-önümçilik maksatly desgalary gurmaga, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli önümçilikleri döretmäge, hususy eýeçiligi giňişleýin ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary ahyrky netijede daşary söwda dolanyşygynyň oňyn aratapawudyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Telekeçileriň daşary söwda gatnaşyklary amala aşyrmagynyň möhüm şertleriniň biri hem onuň hukuk, kanunçylyk binýadynyň bolmagydyr. Şeýle binýat ähli döwletlerde zerurdyr. Türkmenistanda hem häzirki wagtda şeýle kanunçylyk binýady döredildi.

Olaryň hataryna «Telekeçilik işi hakynda», «Türkmenistanda daşary ykdysady iş hakynda», «Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary we beýlekiler degişlidir. Şeýle kanunlaryň we kararlaryň kabul edilmegi Türkmenistanda daşary ykdysady iş bilen meşgul bolýan taraplaryň telekeçilik işini düzgünleşdirmäge zerur şertler döredýär.

Bazarlarymyzda oba hojalyk bilen meşgul bolýan telekeçileriň öndürýän et, süýt, ýumurtga önümleri, şeýle-de kärendeçileriň ekerançylykdan alýan dürli
miweleri, ter gök önümleri, umuman, olaryň döredýän haryt bolçulygy ýylyň dowamynda halkyň islegini kanagatlandyrmaga ýardam berýär.

Şonuň bilen birlikde, import harytlarynyň ornuny tutýan ýerli önümleriň önümçiligi giň gerim bilen ýola goýulýar, şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Bazar ykdysadyýetinde islendik önümçiligiň ösmegi üçin öndürilen önümleriň satylmagy we peýda gazanylmagy zerurdyr. Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky kararyna» laýyklykda, telekeçileriň ýeňillikli karzlar bilen üpjün edilmegi we oba hojalygynda geçirilýän öňdengörüjilikli özgertmeleriň esasynda ýerleriň 99 ýyllyk kärendesine berilmegi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini çalt depginler bilen ösdürýär. Döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanylyp, bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän, oba hojalyk önümleri gaýtadan işläp, ýokary hilli taýýar önümleri öndürýän hususy senagat kärhanalary, ýyladyşhanalar, sowadyjylar gurulýar.

Döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmegine uly ähmiýet berip, täze öndüriji güýç hökmünde möhüm orny eýeleýän telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagynda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Bu günki günde telekeçilerimiziň tagallalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde bähbitli işleriň bady artýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ýerini tutýan harytlaryň we önümleriň öndürilişiniň mukdary ýokarlanyp, wajyp meseläniň çözgüdinde gowy netijeler gazanylýar. Şu guwançly netijelerde welaýatymyzyň telekeçileriniňem saldamly goşantlary bellärliklidir. Welaýatymyzyň telekeçileri halkyň köp sarp edýän ýokary hilli harytlarydyr önümlerini öndürmekde, olary elýeterli nyrhlarda ilata hödürlemekde uly işleri bitirýärler. Gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmekde-de jogapkärli wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýän telekeçilerimiziň il-gün bähbitli yhlas-aladalary ýerine düşýär. Halkymyzyň abadan durmuşda, bolçulykda ýaşap, tutanýerli zähmet çekmegine uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Azizbek KURAMBAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.