BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
22-09-26
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik ösüş ýoly, şu günki günde Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda täze mazmun, belent ruh we egsilmez kuwwat bilen dowam etdirilýär.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmekde kabul edilen döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ulgama geçmek we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler bu gün özüniň aýdyň miwelerini berýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda gazanylan her bir üstünlik ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň artmagyna hyzmat edýär. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherdir obalarynda uly gurluşyk-binagärlik işleri bellenilýän meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar.
Özgertmeleriň başynda durýan beýik taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň üstünlikli dowam etdirilmegi, Ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan täze binagärlik toplumlary milli buýsanjymyzy artdyrýar. Şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde - Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda batly depginler bilen gurulýan önümçilik we durmuş desgalary Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Oba hojalyk ulgamynda hem türkmen gallaçylarynyň, pagtaçylarynyň we başga-da ekerançylyk bilen meşgullanýan zähmetkeşlerimiziň gazanýan uly üstünlikleri baýramçylyk dabaralaryna aýratyn şowhun goşýar.
Döwletimiziň baş ýörelgesi bolan “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň özenidir. Türkmenistanda adamyň bähbitleri, onuň saglygy, bilimi, abadançylygy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda bilimiň, ylymyň, medeniýetiň we sportuň ösmegine aýratyn üns berildi. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, dünýä ylymlaryny özleşdirmegi, halkara bäsleşiklerde we sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň baýdagyny belende göterýändikleri baýramçylyk günlerinde aýratyn buýsanç bilen bellenilýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygy onuň hemişelik Bitaraplygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen dostlukly, parahatçylykly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berdi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan birnäçe gezek yzygiderli goldanan Kararnamalar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge degişli bolup durýan parahatçylyk merkezine öwrülendigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahatlar, forumlar we medeni çäreler ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Dünýä bileleşigi Türkmenistany ynamly, parahatçylyk söýüji we çalt ösýän kuwwatly döwlet hökmünde sarpalaýar. Şu beýik döwürde ýaşamak, okamak, bilim almak we döretmek - her bir türkmen raýaty üçin beýik bagtdyr we belent mertebedir. Halkymyzy beýik ösüşlere, bagtyýar geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Anahan SAPAŞOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN
Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 35 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkalaşykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.