Garaşsyzlyk — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY
23-09-26
Garaşsyzlyk — her bir halkyň milli buýsanjy, asudalygynyň binýady we geljege bolan ynamynyň güýç berýän mukaddes çeşmesidir. Häzirki wagtda Günüň ýagty şöhlesi bilen bezenýän, parahatçylygyň we durnuklylygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistan şanly taryhynyň täze bir belent tapgyryna — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk beýik toýuna buýsançly hem-de uly zähmet ýeňişleri bilen gadam basýar. Bilim ulgamynyň işgäri hökmünde bu beýik toýy garşylamak, ýaş nesillere mukaddes ata Watanymyza bolan söýgini we il-günümize bolan wepalylygy öwretmek biziň üçin çäksiz mertebedir.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy diňe bir taryhy sene bolman, eýsem, geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan ägirt uly üstünlikleriň, parahat durmuşyň hem-de milli agzybirligimiziň aýdyň dabaralanmasydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni, her bir sagady belent özgerişlere, üstünliklere beslenýär. Watanyň binýadyny berkidýän, halkyň hal-ýagdayyny gowulandyrýan syýasat täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Bilim ojaklarynda häzirkizaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze-täze döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň ulanyşa berilmegi ýaşlarymyzyň iň öňdebaryjy bilimleri almagyna giň ýol açýar. Bilim işgäri hökmünde biz bu özgerişleriň hakyky şaýady bolup, ata Watanymyza hyzmat etmegiň belent jogapkärçiligini duýýarys.
Ýetip gelýän Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn orun tutýan möhüm wakadyr. Halk Maslahaty — ata-babalarymyzyň köpasyrlyk maslahatlaşmak, agzybir karar kabul etmek ýaly gadymy we demokratik ýörelgeleriniň häzirki zaman syýasatyna ornaşdyrylan beýik ojagydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilýän bu maslahatda ýurdumyzyň geljekdäki ösüş ugurlary, ykdysady hem-de medeni-sosial maksatnamalary il arasynda giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Çünki döwletimiziň baş ýörelgesi bolan “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer şygary Halk maslahatynyň mejlisinde öz aýdyň beýanyny tapar. Bu mejlis milli agzybirliğimizi berkitmek bilen birlikde, bilim, ylym we terbiýeçilik ulgamlaryny täze basgançaklara götermekde hem öz goşantlaryny berer.
Döwrümiziň her bir ýyly özboluşly mazmuna, tükeniksiz baýlyga we aýratyn şygara eýedir. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi her bir watandaşymyzyň kalbynda çäksiz buýsanç hem-de ylham duýgularyny oýardy. Ahalteke bedewi - türkmen halkynyň gözellik, ygtybarlylyk, çaltlyk we mukaddeslik baradaky düşünjelerini özünde jemleýän milli nyşanydyr. Bu ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýoly bilen bedew batly öňe barýandygyny, halkymyzyň mukaddes arzuw-umytlarynyň, ýagny at-myradynyň amala aşýandygyny özünde şöhlelendirýär.
Bedew batly ösüş diňe bir ykdysadyýetde däl, eýsem, ylymda, bilimde, ýaş nesliň terbiýesinde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Biz bilim işgärleri hökmünde, synplarda okuwçylara diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, olara bedew batly maksadaokgunlylygy, ata Watana, milli mirasa bolan çäksiz söýgini hem siňdirýäris. Behişdi bedewlerimiziň gözelligi we çaltlygy ýaşlarymyz üçin öňe gitmegiň, zähmet çekmegiň hem-de elmydama täze üstünliklere ymtylmagyň ajaýyp nusgasydyr.
Watana söýgi - adamyň kalbyndaky iň päk we beýik duýgudyr. Bu günki bagtyýar zamanamyzda alnyp barylýan belent tutumlar, halkymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikler bizi täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzda bilimiň hili ýokarlanýar, ýaşlaryň dünýä derejesindäki innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi geljegimiz bolan ýaş nesliň giň gözýetimli, watansöýüji, giň düşünjeli we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegine berk binýat bolýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy, öňde duran Halk maslahatynyň mejlisi we ýylymyzyň ruhlandyryjy şygary biri-biri bilen sazlaşyp, ýurdumyzyň beýik geljegine bolan ynamymyzy has-da berkidýär. Bu ajaýyp döwürde zähmet çekmek, ösüp gelýän ýaş nesle bilim hem-de terbiýe bermek - biziň üçin uly bagtdyr. Ýurdumyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk dabarasy gutly bolsun!
Nurmuhammet GOÇMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keselleri kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.