Mukaddes Garaşsyzlygymyz – milli buýsanjymyzyň, asudalygynyň binýady
25-09-26
Garaşsyzlyk - her bir halkyň milli buýsanjy, asudalygynyň binýady we geljege bolan ynamynyň güýç berýän mukaddes çeşmesidir. Häzirki wagtda Günüň ýagty şöhlesi bilen bezenýän, parahatçylygyň we durnuklylygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistan şanly taryhynyň täze bir belent tapgyryna - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk beýik toýuna buýsançly hem-de uly zähmet ýeňişleri bilen gadam basýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgäri hökmünde bu beýik toýy garşylamak, ýaş nesillere mukaddes ata Watanymyza bolan söýgini we il-günümize bolan wepalylygy öwretmek biziň üçin çäksiz mertebedir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy diňe bir taryhy sene bolman, eýsem, geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan ägirt uly üstünlikleriň, parahat durmuşyň hem-de milli agzybirligimiziň aýdyň dabaralanmasydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni, her bir sagady belent özgerişlere, üstünliklere beslenýär. Watanyň binýadyny berkidýän, halkyň hal-ýagdayyny gowulandyrýan syýasat täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Bilim ojaklarynda häzirkizaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze-täze döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň ulanyşa berilmegi ýaşlarymyzyň iň öňdebaryjy bilimleri almagyna giň ýol açýar. Bilim işgäri hökmünde biz bu özgerişleriň hakyky şaýady bolup, ata Watanymyza hyzmat etmegiň belent jogapkärçiligini duýýarys.
Uly üstünliklere beslenen Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn orun tutýan möhüm waka boldy. Halk Maslahaty — ata-babalarymyzyň köpasyrlyk maslahatlaşmak, agzybir karar kabul etmek ýaly gadymy we demokratik ýörelgeleriniň häzirki zaman syýasatyna ornaşdyrylan beýik ojagydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilýän bu maslahatda ýurdumyzyň geljekdäki ösüş ugurlary, ykdysady hem-de medeni-sosial maksatnamalary il arasynda giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Çünki döwletimiziň baş ýörelgesi bolan “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer şygary Halk maslahatynyň mejlisinde öz aýdyň beýanyny tapar. Bu mejlis milli agzybirliğimizi berkitmek bilen birlikde, bilim, ylym we terbiýeçilik ulgamlaryny täze basgançaklara götermekde hem öz goşantlaryny berer.
Döwrümiziň her bir ýyly özboluşly mazmuna, tükeniksiz baýlyga we aýratyn şygara eýedir. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi her bir watandaşymyzyň kalbynda çäksiz buýsanç hem-de ylham duýgularyny oýardy. Ahalteke bedewi - türkmen halkynyň gözellik, ygtybarlylyk, çaltlyk we mukaddeslik baradaky düşünjelerini özünde jemleýän milli nyşanydyr. Bu ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýoly bilen bedew batly öňe barýandygyny, halkymyzyň mukaddes arzuw-umytlarynyň, ýagny at-myradynyň amala aşýandygyny özünde şöhlelendirýär.
Bedew batly ösüş diňe bir ykdysadyýetde däl, eýsem, saglygy goraýyşda, ylymda, bilimde, ýaş nesliň terbiýesinde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Biz bilim işgärleri hökmünde, talyplara diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, olara bedew batly maksadaokgunlylygy, ata Watana, milli mirasa bolan çäksiz söýgini hem siňdirýäris. Behişdi bedewlerimiziň gözelligi we çaltlygy ýaşlarymyz üçin öňe gitmegiň, zähmet çekmegiň hem-de elmydama täze üstünliklere ymtylmagyň ajaýyp nusgasydyr.
Watana söýgi - adamyň kalbyndaky iň päk we beýik duýgudyr. Bu günki bagtyýar zamanamyzda alnyp barylýan belent tutumlar, halkymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikler bizi täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzda bilimiň hili ýokarlanýar, ýaşlaryň dünýä derejesindäki innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi geljegimiz bolan ýaş nesliň giň gözýetimli, watansöýüji, giň düşünjeli we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegine berk binýat bolýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy hem ýylymyzyň ruhlandyryjy şygary biri-biri bilen sazlaşyp, ýurdumyzyň beýik geljegine bolan ynamymyzy has-da berkidýär. Bu ajaýyp döwürde zähmet çekmek, ösüp gelýän ýaş nesle bilim hem-de terbiýe bermek - biziň üçin uly bagtdyr. Ýurdumyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk dabarasy gutly bolsun!
Gülnabat TOŞŞYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Garaşsyzlyk – durnukly ösüşiň aýdyň nyşany
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz – milli buýsanjymyzyň, asudalygynyň binýady
Garaşsyzlyk - her bir halkyň milli buýsanjy, asudalygynyň binýady we geljege bolan ynamynyň güýç berýän mukaddes çeşmesidir. Häzirki wagtda Günüň ýagty şöhlesi bilen bezenýän, parahatçylygyň we durnuklylygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistan şanly taryhynyň täze bir belent tapgyryna - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk beýik toýuna buýsançly hem-de uly zähmet ýeňişleri bilen gadam basýar.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.