HALKARA HUKUGYNDA MÖHÜM BAŞLANGYÇ

05-10-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän belent başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar hem-de ykrar edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Ata Watanymyzyň nobatdaky diplomatik üstünligini alamatlandyrýan bu waka ýurdumyzyň halkara giňişliginde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygy baradaky hakykatyň hem özboluşly şöhlelenmesidir. Türkmenistan Diýarymyz iri, abraýly halkara guramalary, ozaly bilen-de, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Biz hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde umumadamzat meselelerini gozgaýan başlangyçlary öňe sürýändigine ençeme gezek şaýat bolduk.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň sentýabrynda Baş Assambleýanyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendigi bilen halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi we giň goldawa eýe boldy. Elbetde, 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklip halkara hukuga hormaty artdyrmakda, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm başlangyç bolup durýar. Dünýäniň 78 döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bu başlangyjyň dünýä ykararnamasyna we giň goldawa eýedigine güwä geçýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak Kararnama dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň öňdengörüjilikli hoşniýetli syýasaty netijesinde diňe bir dünýäniň döwletleri bilen däl, iri halkara guramalary bilen hem köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň geljekde hem halkara gatnaşyklaryny işjeň ösdürmäge taýýardygynyň anyk subutnamasydygyny, şol gatnaşyklaryň bolsa, sebitde we dünýäde abadançylygyň we rowaçlygyň gazanylmagyna we üpjün edilmegine gönükdirilen ählumumy tagallalaryň aýdyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini bellemek guwandyryjydyr.

Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen umumadamzat ähmiýetli dünýä nusgalyk beýik işlere, il-ýurt bähbitli ösüş-özgerişlere beslenýän Diýarymyzda eýelenýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler, möhüm taryhy wakalar röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň, bagtyýar halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna joşgun goşan buýsançly habar – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa ýurdumyzda bellenilip geçilýän şanly seneleriň, giňden ýaýbaňlanýan möhüm wakalaryň türkmen halkynyň taryhyny altyn harplar bilen bezäp, bedew batly ösüşler, belent sepgitli ýeňişler bilen utgaşýandygy baradaky hakykaty bütin dünýäde dabaralandyrdy.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülnara ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.