HUKUK KÄMILLIGI WE DÖWREBAP HYZMATLAR

08-10-26

Mähriban Watanymyz Türkmenistan taryhy ösüşleriň täze, synmaz belentliklerine ynamly gadam basýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýän kämil hukuk ulgamyna we döwrebap sanly tehnologiýalara daýanýar. Halkymyzyň asyrlar boýuň süzülip gelen parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we agzybirlik ýörelgeleri häzirki zaman döwlet syýasatymyzyň esasy özeni bolup durýar. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň hukuk ulamynda alnyp barylýan sanly özgerişleri hem milli kanunçylygymyzyň dabaralanmasyny we raýatlara hödürlenýän döwrebap onlaýn hyzmatlaryň kämilleşmegini dabaralandyrýar.

Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanun tarapyndan doly we ygtybarly goralmagy bolsa mähriban Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmeginiň baş şertidir. Ýurdumyzda hukuk gatnaşyklarynyň durnuklylygy her bir maşgalanyň öz ojaklarynda parahat we ynanyşykly ýaşamagyna uly şert döredýär. Döwlet tarapyndan berilýän hukuk kepilligi raýatlaryň döwlet edaralaryna bolan sarsmaz ynamyny kemala getirýär. Döwlet dolandyryş edaralarynda sanly ykdysadyýetiň we elektron hyzmatlaryň giňden ornaşdyrylmagy raýatlar bilen göni şahsy gatnaşygy azaltmaga, maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmäge we iň esasy zat - adam wezipesini kämilleşdirmäge ýol açdy. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň minjust resmi internet web-saýtyndaky online hyzmatlar gysga wagtda halkymyzyň iň köp peýdalanýan amatly guralyna öwrüldi.

Gozgalmaýan emläk hakyndaky maglumatlar, kepilnamalar ýa-da hukuklary bellige almak baradaky onlaýn sargytlar ulgama gelip gowşan pursadyndan başlap, berk gözegçilige alynýar. Sargytlaryň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi aşakdaky möhüm netijeleri berýär.

  • Wagtyň tygşytlanmagy: Raýatlaryň we işewürleriň döwlet edarasyna gelip-gitmek we nobatda durmak wagty doly aradan aýrylýar.
  • Netijelilik we Takyklyk: Elektron usulda amala aşyrylýan barlaglar maglumatlaryň emeli ýalňyşlyklarynyň öňüni alýar we resminama taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrýar.
  • Aýdyňlyk: Raýatlar ugradan sargytlarynyň haýsy tapgyrdadygyny we haçan taýyn boljakdygyny internet arkaly yzarlap bilýärler.

Online hyzmatlaryň we sargytlaryň takyk berilmegi her bir döwlet notariusyndan ýokary hünär taýýarlygyny we kanuny jogapkärçiligi talap edýär. Döwlet emlägini, raýatlaryň şahsy we hukuk maglumatlaryny sanly gurşawda goramak biziň baş wezipämizdir. Biz öz işimizde ýuridiki düzgünlerini berk berjaý etmek bilen, elektron maglumatlar binýadynyň howpsuzlygyny iň ýokary derejede saklaýarys. Ulgamyň yzygiderli kämilleşdirilmegi we pudaklaýyn programmaly toplumlaryň täzelenip durulmagy, onlaýn sargytlaryň bökdençsiz amala aşyrylmagyna ýardam edýär. “Döwlet - adam üçindir!” diýen ýörelge biziň gündelik zähmetimizde eriş-argaç bolup geçýär.

Bagtyýar zamananyň raýatlary we döwlet gullukçylary hökmünde, ýurdumyzda gazanylýan her bir üstünlik kalbymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Parahatçylygyň, ylmyň we durnuklylygyň dabaralanýan bu döwründe hukuk ulgamynda zähmet çekmek hakyky mertebedir. Bize döwrebap şertlerde işlemäge, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp halkymyza ýokary derejede hukuk hyzmatlaryny hödürlemäge giň ýol açan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de mähriban Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Siziň ylmy ösüşlere, kämil kanunçylyga we parahatçylyk ýörelgelerine daýanýan parasatly döwlet syýasatyňyz mähriban Watanymyzy täze üstünliklere galkyndyrýar. Goý, Türkmenistanyň sanly we hukuk kämilligi hemişe belentliklerde dabaralansyn! Gahryman Arkadagymyzyň  we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumlary elmydama rowaçlyklara ýar bolsun!

Gunça ANNAÝEWA, 
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Akdepe etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.