ÝURDUŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KEPILI
08-10-26
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiz ösüşleriň bedew batly depgini bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz: “Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir” diýip, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşyny goramagy ýurdumyzyň syýasatynyň esasy maksady hökmünde kesgitledi. Munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň, sözüň doly manysynda, raýat jemgyýetini kemala getirmegiň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň, adam hukuklarynyň goragynyň barha ýokarlandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Demokratik, dünýewi we hukuk döwletimiziň Esasy Kanunynda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kepillendirilýär. Munuň özi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizligini tassyklaýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda: “Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýlip kesgitlenilýär. Bu kadalar adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Bu kadalardan gözbaş alýan kanunçylyk namalary adamyň jemgyýetdäki ornuny we abraýyny pugtalandyrýar, şahsyýetiň hormatlanmagyny üpjün edýär. Şeýle ynsanperwer kadalar ýaş nesillerde hukuk medeniýetini kemala getirýär.
Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryň birnäçesine ilkinjileriň hatarynda goşulmagy we olary ykrar etmegi, şol bir wagtda hem bu resminamalarda jemlenen umumadamzat bähbitli kadalaryň milli kanunçylygymyza ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da artdyrýar. Adam hukuklary babatda halkara hukuk resminamalarynyň hatarynda 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy esas goýujy resminama hasaplanýar. Bu Jarnama adamyň mizemez hukuklarynyň bitewüligini emele getirip, halkara hem-de milli kanunlaryň gözbaşy bolup çykyş edýär. Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 1-nji maddasynda ähli adamlar mertebe we hukuklar babatda azat we deň bolup dogulýandygy bellenilýär. Konstitusiýamyzyň 26-njy maddasynda hem berkarar döwletimizde adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizdigi hem-de aýrybaşgalanmasyzdygy, Konstitusiýa we kanunlara laýyk gelmeýän bolsa, adam hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugy kepillendirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge yzygiderli üns berilmegi mähriban halkymyzda jemgyýetçilik işjeňligine höwes döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 34 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döwletimiziň ösüşini täze belentliklere göterdi, okgunly öňe barýan Garaşsyz döwletimizde syýasy asudalygy, halk bitewüligini has-da berkitdi. Häzirki wagtda hem ýurdumyzyň Esasy Kanuny halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hukuk kepili bolup çykyş edýär.
Biziň Konstitusiýamyzyň esasy aýratynlygy ynsanyň mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegidir. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygy bolup durýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň asuda, abadan günlerinde her bir raýat döwlet tarapyndan özüniň aladasynyň edilýändigini gündelik durmuşynda bolup geçýän wakalarda görýär. Bilim almak, zähmet çekmek, erkin döredijilik, saglygy goramak, ruhy-medeni taýdan kämilleşmek üçin döredilýän mümkinçilikler, iş haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilmegi, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligi has kämilleşdirmek bilen ýörite döwlet maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda adamyň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň we mizemez kepilidir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda kanunçylygyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, demokratiýanyň dabaralanmagy, beýik zamanamyza mynasyp ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, parasatly tagallalary hemişe rowaç bolsun!
Aýna GURBANOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň maglumatlary seljeriş boýunça döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.