Awaza — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we sebit diplomatiýasynyň strategik merkezi
17-10-26
Mälim bolşy ýaly, 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmegi eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. 15-nji oktýabrda bolsa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynynyň çäklerinde Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmagy möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Sebit we yklym ähmiýetli syýasy wakalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň netijeli dialog üçin abraýly merkezdigini nobatdaky gezek äşgär etdi.
Häzirki döwürde halkara syýasat döwletara gatnaşyklarda çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli çemeleşmeleri talap edýär. Awaza duşuşyklary dostlukly döwletleriň döwrüň möhüm meselelerini hut şeýle ýörelgeler esasynda çözmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Awazada syýasy çözgütleriň aň-paýhas, tehnologik we medeni-ynsanperwer binýadyny goýan çäreleriniň tutuş toplumy ýaýbaňlandyryldy. Ekologiýa abadançylygy, habarlar giňişligi, gender deňligi, saglygy goraýyş, azyk bolçulygy, demografiýa ýaly möhüm ugurlara bagyşlanan giň gerimli çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi türkmen diplomatiýasynyň häzirki zaman gün tertibiniň iň çylşyrymly meseleleriniň tutuş toplumyny çözmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge ukyplydygyny şöhlelendirdi.
Diplomatik çäreleriň öňüsyrasynda zenanlaryň halkara syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklardaky ornuna bagyşlanyp, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň geçirilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Duşuşykda dünýäniň ählumumylaşýan eýýamynda zenanlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň, olaryň syýasy-jemgyýetçilik işjeňliginiň abadançylygyň güwäsi bolup çykyş edýändigine aýratyn üns çekildi. Forumyň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminama bolsa zenanlaryň hukuklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, olaryň Ýewraziýa giňişliginde syýasy, ykdysady we ýokary tehnologik işlere işjeň çekilmegine degişli hukuk binýadyny goýdy.
Saglyk we demografik durnuklylyk ählumumy abadançylygyň binýadynda durýan esasy gymmatlyklardyr. Awazada bu ugurlara bagyşlanan forumlaryň geçirilmegi hem bu hakykaty ýene bir ýola aýan etdi. Degişli ugurda ministrlikleriň, parlament düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyňdyr bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna esaslanýan milli saglygy goraýyş ulgamy üns merkezinde orun aldy. Şunda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işlere halkara derejede mynasyp baha berildi. Şunuň bilen birlikde, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatda ilatyň ýaş düzüminiň, durmuş goraglylygynyň we ykdysady ösüşiň arasyndaky arabaglanyşyk giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Abadan ýaşaýşyň möhüm şerti bolan suw serişdeleri hem Awaza duşuşyklarynda giňden ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlaryň biridir. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisinde hem-de Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygynda Türkmenistan sebitiň ekologiýa abadançylygy bilen bagly meselelerde işjeň orny eýeleýändigini tassyklady. Çärelerde geçen döwürde sebitde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagyny suw bilen üpjün etmek, ekologik abadançylygy goramak boýunça ýerine ýetirilen işler seljerildi.
Azyk bolçulygyna we tohumçylyga bagyşlanan çäreler alymlaryň, seçgiçileriň we agrosenagat düzümleriniň ýolbaşçylarynyň uly toparyny Awazada jemläp, ýokary hasylly ekinleri ýetişdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda ähmiýetli boldy. Tohumçylyk-seçgiçilik pudagynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, tejribeleri paýlaşmak, şeýle hem agrosenagat toplumynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek we gözegçiligi berkitmek boýunça möhüm ugurlara seredilmegi sebitde oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam eder.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça sebitdäki doganlyk döwletleriň hoşniýetli hyzmatdaşlyk dialogyna Azerbaýjan Respublikasynyň goşulmagy Ýewraziýanyň geosyýasy kartasyny düýbünden özgertdi. Netijede, Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebiti bir bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirip, Hytaý bilen Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda strategik köprä öwrülýär. Yklymara ulag geçelgeleriniň ösüşine uly goşant goşýan Türkmenistanyň bu giňişlikde ähmiýetli orna eýe bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasyp. Ýokary derejedäki sammitde hormatly Prezidentimiz yklymyň geljekki ösüşlerini göz öňünde tutýan hereketleriň giň gerimli hereketler maksatnamasyny öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bütindünýä abadançylygynyň gurluşynyň yzygiderli özgerýän şertlerinde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň arasynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini artdyrmak, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda raýdaşlyk, agzybirlik, özara goldaw ruhuny saklamak hem-de pugtalandyrmak başlangyjyny öňe sürdi.
Hormatly Prezidentimiz Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitde çuňňur mazmunly çykyş edip, Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýandygyny belledi. Şu jähetden, ýurdumyzyň halkara hukuk, ulag-logistika, emeli aňy parahatçylykly ulanmak, howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygy, ýaşlar hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça wajyp garaýyşlary beýan edilip, netijeli başlangyçlary öňe sürüldi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda beýan edilen garaýyşlaryň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde giňişleýin esasda ara alnyp maslahatlaşylmagy Arkalaşygyň çäklerinde sanly we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi. GDA-nyň çäklerindäki makroykdysady görkezijiler dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň geoykdysady bähbitler bilen berkidilýändigini görkezýär. Şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde özara hasaplaşyklarda milli pul birlikleriniň paýynyň taryhda iň ýokary derejä ýetendigi hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň durnukly we daşarky şertlere bagly bolmadyk ykdysady binýady döretmek bilen bagly başlangyçlarynyň Arkalaşykda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aňladýar. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta multimodal geçelgeler boýunça ýükleriň daşalyşyny has-da artdyrmakda gazanylýan üstünlikler hem Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň derwaýyslygyny äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Döwran GELDIHANOW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.