Türkmenistanyň halkara ekologiýa diplomatiýasy
17-10-26
Hemişelik Bitarap Türkmenistan geçen döwrüň içinde ekologiýa bilen bagly meselelere yzygiderli we jogapkärli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda saýlanyp alnan bu ýol Diýarymyzyň diňe bir parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny kesgitlemek bilen çäklenmän, durnukly ösüşi, işjeň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän milli ekologiýa strategiýasynyň kemala getirilmeginde hem möhüm şert bolup hyzmat etdi.
Türkmenistanyň Bitaraplygy ekologik wehimlere obýektiw we deňeçer garaýyş üçin berk binýady döredýär. Ekologik meseleler boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşýan Türkmenistan adamzadyň geljegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegi ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmak bilen, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralary, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistan ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda täze başlangyçlary öňe sürýär.
Bilşimiz ýaly, 16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda Biodürlülik baradaky maslahatyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy. Bu giň möçberli çärä BMG-niň Baş Sekretary, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda, ilki bilen, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Liderleriň şu gezekki sammitiniň döwletleriň dünýäde biologik köpdürlüligi gorap saklamaga hem-de kabul eden borçnamalaryndan anyk hereketlere geçmäge umumy syýasy erklerini tassyklamak üçin mümkinçilik döredýändigini belledi.
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklar däp bolan dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýokary derejede ýola goýlan yzygiderli dialog söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle hem ýurtlarymyz iri halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerinde Ýerewanda geçirilýän Liderler sammiti tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wehimleriň barha artýan şertlerinde bu abraýly meýdança döwlet Baştutanlaryna dünýäde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek üçin syýasy mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Bitaraplyk ýörelgelerine we kabul eden halkara borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetika, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli ulanmak, çölleşmä we ekerançylyk ýerleriniň hatardan çykmagyna garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak ýaly ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda energiýanyň öndürilişinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň artdyrylmagy ugrunda işjeň çäreler görülýär. Munuň özi parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna, energetikanyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam edýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, tebigy serişdeleriň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik döredýär.
Ilatyň ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy daşky gurşawa aýawly gatnaşyklary kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Giň gerimli bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi tebigatyň peşgeş beren mirasyna aýawly garaýan, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ählumumy tagallalara goşant goşýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterýär. Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän ýurdumyz durnukly ösüş we ekologik meselelere jogapkärli çemeleşmegiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň möhüm bölegi bolup durýandygyny, umumy meseleleri çözmekde netijeli halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edýär.
Häzirki döwürde daşky gurşawy goramakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär. Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäreleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Geçen ýyl ýazky ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda-da bir günde tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 260 müň 836 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Merkezi Aziýanyň merjeni, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde tanalýan Aşgabat ýurdumyzda ekologiýa degişli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän, köp sanly suw çüwdürimlerini özünde jemleýän ýaşyl seýilgäh zolaklary şäheriň gözelliginiň we binagärlik sazlaşygynyň üstüni ýetirmek bilen, amatly howa gurşawyny döredýär.
Döwletimiz ekologiýa syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, bu ugurdaky işleri kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Şunda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak hakynda düzgünler berkidilendir. “Ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerinden ugur alnyp, senagat toplumlaryny tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Täze önümçilik düzümleriniň desgalarynyň gurluşygy, bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak işleri ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil çözgütleriň ulanylmagy arkaly durmuşa geçirilýär. Bu toplumlaýyn çäreleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda tebigaty goramak babatdaky döwlet syýasatynyň, milli, sebit we halkara derejede amala aşyrylýan hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ekologik maksatnamalaryňdyr taslamalaryň esasy ugurlary bolup durýar.
Halkara giňişlikde Türkmenistan möhüm ekologiýa meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleriň yzygiderli öňe sürülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistanyň Konstitusiýa esasynda berkidilen Bitaraplyk hukuk derejesi daşky gurşawy goramak boýunça tagallalarda ýurdumyzy ygtybarly we möhüm hyzmatdaşa öwürýär. Halkara forumlarda öňe sürülýän başlangyçlar Türkmenistanyň adamzadyň durnukly geljegini üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram edýän Watanymyz ählumumy ekologik wehimleriň netijeli çözülmegi üçin möhüm binýat bolan aýratyn hukuk derejesini ulanmak bilen, ekologik meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Guwanç ANNASAPAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.