Hazaryň türkmen kenary — dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň we ynanyşmagyň mekany
17-10-26
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasyny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär hem-de sebit we ählumumy derejede ynamly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha artdyrýar. Geçen hepde hem döwletimiziň durmuş-ykdysady we ruhy ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýan birnäçe möhüm daşary hem-de içeri syýasy wakalar bilen tapawutlandy.
Täze taryhy döwrümiziň şöhratly ýylynyň ajaýyp pursatlarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tutuş dünýäde at-abraýyny ýene bir gezek artdyrdy we Hazaryň türkmen kenarynyň sebit we halkara forumlaryň yzygiderli guralýan merkezine öwrülendigini açyp görkezdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy üstünlikli geçirilip, doganlyk döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini, olaryň halklarymyzyň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň bähbidine bilelikde işlemäge, sebitde, şeýle hem ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandyklaryny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjany formata goşmak boýunça strategik başlangyjynyň esasynda Azerbaýjan Respublikasy ilkinji gezek sebit dialogyna resmi görnüşde gatnaşdy. Altytaraplaýyn formatda geçirilen sekizinji konsultatiw duşuşygyň dowamynda giň möçberli, strategik maksatlara esaslanýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda döwletleriň hem halklaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek teklipler, başlangyçlar öňe sürüldi, pikir-garaýyşlar beýan edildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi.
Şeýlelikde, bu taryhy waka Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk döredijiligiň we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistan başlyklyk edýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipäni örän jogapkärçilikli ýerine ýetirýär. Şu maksat bilen döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginde ykdysady durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. GDA formaty agza döwletlere netijeli dialogy gurmak, koperasiýa zynjyrlaryny ösdürmek hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini bilelikde işläp taýýarlamak üçin köptaraplaýyn meýdançany üpjün edýär. Forumyň dowamynda döwlet Baştutanlary bu ugurdaky wezipeleri mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
Soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.
Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Hazar ekologiýa sammiti ählumumy ekologiýa gün tertibini ilerletmekde möhüm waka öwrüldi. Bu forumyň Hazaryň türkmen kenarynda geçirilmegi parahatçylyk döredijiligiň we ynanyşykly dialogyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny tassyklady. Sammitiň dowamynda Hazar deňziniň gurşawyny goramak we ondan netijeli peýdalanmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Çözgüdine gol çekildi, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitinde Başlyklyk edijiniň Beýannamasy kabul edildi.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen Awaza sammitleri sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran wezipeleri çözmegi maksat edinýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy Awazadaky iri sammitleriň çäklerindäki ugurdaş çäreleriň biri bolup, häzirki ählumumy şertlerde parahatçylygy we durmuş durnuklylygyny üpjün etmekde hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň ornunyň möhüm ähmiýete eýedigini tassyklady. Halkara zenanlar dialogynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara zenanlar dialogy GDA ýurtlarynyň we BMG-niň abraýly düzümleriniň uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy maksat edinýändiklerini görkezdi. Mowzuklaýyn mejlisleriň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminamalar mundan beýläk-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, zenanlaryň hukuk kepilliklerini hem-de durmuş abadançylygyny pugtalandyrmak üçin berk binýat goýdy. Foruma gatnaşyjylar jemgyýetçilik, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda zenanlaryň ornunyň işjeňleşdirilmeginiň sebitde we halkara giňişlikde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine kuwwatly itergi berjekdigine biragyzdan ynam bildirdiler.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine seljerme bermek we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Mejlisiň netijeleri GDA ýurtlarynyň öz halklarynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge taýýardyklarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen iri sammitlere ugurdaş çäreleriň hatarynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat ählumumy saglygy goraýşyň möhüm meselelerini çözmek üçin netijeli dialogyň meýdançasyna öwrüldi. «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat bilelikdäki sebit taslamalaryny, tejribe alyşmak maksatnamalaryny hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine yzygiderli gözegçilik etmegiň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi, «Tatar gyzy — 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwaly, GDA agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Watanymyzyň Mukaddes Gara\syzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer. Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň hem-de bütin adamzadyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Göwher DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Fizika kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.