Ynsanperwerligiň, açyklygyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň beýany

17-10-26

Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hem-de guramanyň Baş sekretarynyň gatnaşmagy ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Medeni diplomatiýa halklaryň arasynda özara düşünişmegi ösdürýän bolsa, ykdysady hyzmatdaşlyk şol düşünişmegiň anyk netijelere öwrülmegine ýardam edýär.

Türkmen topragynda gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň häzirki zaman halkara çäreler bilen utgaşmagy hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki türkmen halky üçin myhman kabul etmek diňe bir däp däl, eýsem, ynsanperwerligiň, açyklygyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň beýanydyr.

Awazada guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalynda türkmen halkynyň bu asylly ýörelgesi aýratyn öwüşgin bilen ýüze çykdy. Türkmenistanyň sergi meýdançasynda milli tagamlaryň taýýarlanylyşy görkezildi, gök-bakja we miwe önümleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyň esasynda ýaýbaňlandyrylan tanyşdyrylyş milli aşhananyň baýlygyny, gadymy tagam taýýarlamak däpleriniň häzirki döwürde hem dowam etdirilýändigini görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl GDA-da Türkmenistan başlyklyk edýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipäni örän jogapkärçilikli ýerine ýetirýär. Häzirki döwürde GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginde ykdysady durnuklylygy üpjün etmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi.

«Awaza» toplumynda geçirilen sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň Arkalaşygyň alyp barýan işinde ýylyň möhüm wakasydygyny belledi. Şol sanda Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna üns çekilip, ýurdumyz tarapyndan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjy döwlet Baştutanlary çykyş edip, GDA-nyň syýasy dialogy saklamak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm platforma hökmünde ornuny berkidendigini bellediler.

Ýokary guramaçylykly geçirilen çäräniň dowamynda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew çäkli düzümdäki mejlisde kabul edilen çözgütler barada maglumat berdi. Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bilen baglanyşykly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda maglumat berdi.

Döwlet Baştutanymyz kabul edilen çözgüde laýyklykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Tahir Iksanowa, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işi üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulagy boýunça geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy Wiktor Popowa GDA-nyň Hormat hatyny gowşurdy.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işini tamamlansoň, bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlary hem-de mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti mejlisiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan gurama agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň sergisine gatnaşdylar.

Döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir syýasy gepleşikler ýa-da ykdysady ylalaşyklar bilen çäklenmeýär. Medeniýet, sungat, edebiýat, milli däpler we ynsanperwer gatnaşyklar hem halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Hut şu ýerde medeni diplomatiýanyň ähmiýeti aýdyň ýüze çykýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp görkezýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň eksport önümleriniň, ykdysady üstünlikleriniň sergisi halklaryň ykdysady kuwwatyny hem-de ösüşe bolan ymtylyşyny şöhlelendirdi. Ýurtlaryň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ykdysady mümkinçilikleri hem-de medeni aýratynlyklary, durmuşa geçirýän başlangyçlary we taslamalary öz içine alýan möhüm ähmiýete eýe bolan gözden geçiriliş özara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge uly ýardam etdi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ykdysady we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde hem möhüm orny eýeleýär. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän bu döwrebap merkez dürli ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemläp, hyzmatdaşlyk baradaky pikirleriň, teklipleriň we başlangyçlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkinçilik döretdi.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dünýä äşgär edýän hem-de halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Kuwwat SATLYKOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Fizika kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.