Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň ugurlary maslahatlaşyldy
17-10-26
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklary, şeýle-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat ugruny ynamly dowam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bu öňdengörüjilikli strategiýa dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna we goldawyna eýe boldy.
Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VII Sammitine gatnaşmak üçin sapar bilen Azerbaýjana bardy. Sammitiň gün tertibine laýyklykda Aziýada ynamy berkitmek, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem Geňeşiň işini kämilleşdirmek we agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere garaldy.
Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeş Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara forumdyr. Guramanyň resmi saýtynyň maglumatyna görä, oňa 28 döwlet agza bolup, olaryň paýyna Aziýa yklymynyň çäginiň we ilatynyň takmynan 90 göterimi düşýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýada özara hyzmatdaşlygy we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesinde dialogy ösdürmegi teklip etdi. Döwlet Baştutany bu başlangyjy Bakuwda geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlygy we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitinde öňe sürdi.
Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, şeýle format gatnaşyjy ýurtlar üçin milli tejribelerini alyşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga we ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine gönükdirilen amaly teklipleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady özara baglanyşygy pugtalandyrmagyň, özara bähbitli söwdany giňeltmegiň we ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmegiň howpsuz hem-de durnukly ösüşiň möhüm şertleridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, dünýä ykdysadyýetiniň üýtgeýän şertlerinde ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal gatnawlary ösdürmek, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyna päsgel berýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýedir.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026–2035-nji ýyllary Durnukly ulag boýunça onýyllyk diýip yglan etmek hakynda rezolýusiýany kabul edendigini ýatlatdy. Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, Türkmenistan bu resminamanyň dowamy hökmünde halkara ulag we logistika hyzmatdaşlygy boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Olaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak we Merkezi hem-de Günorta Aziýa ýurtlarynyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän kontinentara ulag ugurlaryny döretmek bar.
Şeýle hem Döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagy, logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegi goldady.
Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilen oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty aýdyň beýanyny tapýar. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ýazmuhammet HOJAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak fakultetiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.