Yklymda durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk

17-10-26

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň çäginde goňşy döwletler bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edip, sebitiň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürüp, saýlap alan döredijilik ýoluna üýtgewsiz eýerýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy. Türkmenistan Watanymyz Aziýa dowletleri bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, milli bähbitleri nazara almak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygy, köpasyrlyk dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy barha pugtalandyrýar. Yzygiderli esasda alnyp barylýan ýokary derejedäki gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berýär. Gündogar — Günbatar ugry boýunça halkara üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini döretmekde möhüm halka bolup çykyş edýän iki döwletiň geostrategik mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär.

Döwletimiziň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlyga ulgamlaýyn häsiýet bermäge gönükdirilen, häzirki zaman ýagdaýlaryndan gelip çykýan geljegi uly teklipleri we başlangyçlary yzygiderli öňe sürmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunda ählumumy ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi.

Türkmenistan geografik aýratynlyklaryndan, ägirt uly ulag-logistika mümkinçiliklerinden ugur alyp, degişli multimodal infrastrukturalary döretmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we yklym ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri geçirýär. Ýurdumyz Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça utgaşdyrylan ulag geçelgelerini ösdürmek, Hazar we Gara deňiz sebitlerini birleşdirmek, täze taryhy şertlerde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek babatda teklipleri öňe sürüp, özara bähbitli halkara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermäge, tutuş Ýewraziýa giňişliginde goşulyşma prosesine itergi bermäge çalyşýar. Nobatdaky sessiýada ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip ediler.

Ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Energetika barada aýdylanda, bu ulgamda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyz pudagyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny ugur edinýän toplumlaýyn strategiýany amala aşyrýar. Şunda önümçilige innowasiýalaryň, serişde tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan düzümini kemala getirmäge, “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegine, uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.

Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli hem-de abraýly döwletara forumdyr. Bu Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar.

Geňeşiň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy ulag-logistika, durnukly energetika, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy durmak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň gözýetimleri açýar. Türkmenistan Geňeşde synçy döwlet bolmak bilen, bu meýdança ynanyşykly gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde garaýar hem-de Ýewraziýa giňişliginde özara hormat goýmak ýagdaýyny pugtalandyrmakda deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň ýardam berýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurdumyz ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Şeýlelikde, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda ýurdumyz halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine özara ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent taglymlaryna eýermek bilen, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk medeniýetiniň ilerledilmegine, sebit we ählumumy derejede özara düşünişmek, ynanyşmak gurşawynyň kemala getirilmegine anyk goşant goşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Fizika kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.